Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly bellenildi.
02.09.2021
Şeýle tolgundyryjy dabara welaýatymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynda hem ýaýbaňlandyryldy. Ýaşyl baglyga, mermer binalara bürenen institutyň howlusynda talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde Döwlet senasy ýaňlandy.
Soňra dabarada hormatly Prezidentimiziň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlara, mugallymlara we bilim işgärlerine iberen Gutlagyny okap bermek hem-de gutlamak üçin welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýewe söz berildi. Ol öz gutlagynda ähli talyplara we mugallymlara okuwlarynda we işlerinde uly üstünlikleri arzuwlady.
Şeýle-de, Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanan dabarada institutyň rektory Serdar Nazarow, “Döwletenergogözegçilik” kärhanasynyň Mary bölüminiň başlygynyň orunbasary Saparmyrat Akweliýew, Wekilbazar etrabynyň Goňur geňeşliginiň ýaşaýjysy Allaýar Allakow, institutyň uly mugallymy Ata Orazmämmedow çykyş etdiler. Olar hem öz çykyşlarynda Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen dabara gatnaşyjylary gutladylar.
Dabaranyň dowamynda institutyň 5-nji ýyl talyby Maral Agaýewa söz berildi. Ol täze okuw ýylyna gadam basan ähli talyplary, şeýle-de, institutyň gapysyndan täze ädim äden 1-nji ýyl talyplary baýramçylyk bilen gutlady. Mugallymlara bolsa, özüniň çäksiz minnetdarlygyny bildirdi we hemmelere işinde hem okuwynda rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuwlady. Çäräniň barşynda 1-nji ýyl talyby Aýjennet Öwezowanyň hem ýürek buýsanjy diňlenildi.
Şatlyk-şowhuna beslenen dabarada 1-nji ýyl talyplaryna talyp şahadatnamasy gowşuryldy. Buýsançly pursatlarda bolsa institutyň aýdym--saz toparynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdymlar we çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.
Soňra institutyň 5-nji ýyl talyplary 1-nji ýyl talyplaryna talyp şahadatnamasyny we simwoliki açary gowşurdylar. Şol pursat institutyň howlusynda Döwlet kasamy ýaňlandy. Şunlukda, ilkinji jaň hem kakyldy. Kalplary buýsançdan doly talyplar ilkinji kakylan jaňdan soň Döwlet baýdagymyza togap edip, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly ilkinji okuw sapagyna girişdiler.
Sülgün ŞADYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: dabaradan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.