Oba hojalygy: möhüm möwsüm ýetip geldi
31.08.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýurdumyzda her bir ulgamyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Ykdysadyýetimizň möhüm ugurlarynyň biri bolan oba hojalygynda bellenilmäge mynasyp işler alnyp barylýar. Bu pudakda zähmet çekýän her bir adam özi üçin döwletimiz tarapyndan döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, tutanýerli zähmet çekmäge çalyşýar.
Oba hojalyk işgärleri üçin iki sany möhüm möwsüm — bugdaý ekişi we pagta ýygymy möwsümi barha golaýlap gelýär. Bu möwsümlere taýýarlyk işleri ekerançylyk meýdanlarynda, tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda giň gerimde alnyp barylýar.
Mary etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň tejribeli işgärleri hem möwsümde işleriň nähili ýagdaýda alnyp baryljakdygy barada düýpli oýlanýarlar. Kärhanada däne ekijileriň we pagta ýygyjy kombaýnlaryň abatlygyny gözden geçirmek işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Alladurdy Ilamanow, Amanguly Hojamyradow, Döwletgeldi Salyhow, Rahym Ataýew ýaly tejribeli işgärler möwsüme jogapkärli garap, gijelerini gündiz edip, zähmet çekýärler.
Etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň agzybir işgärleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň şanly toýuna zähmet ýeňişleri bilen barmagy maksat edinýärler. Olar yhlas bilen ýerine ýetirýän işleriniň netijeli boljakdygyna ynamly garaýarlar. Ynamyň bar ýerinde bolsa ýeňşiň boljagy ikuçsyzdyr.
Durdynabat
BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: möwsüme taýýarlyk görülýän pursaty.
Surata düşüren
Şamyrat AMADOW.