Täze okuw ýylyňyz mübärek bolsun!
31.08.2021
Arkadag Prezidentimiz ruhy we beden taýdan sagdyn, bilimli-ylymly, edep-terbiýeli, täze tehnologiýalardan baş alyp çykýan neslimiziň kemala gelmegi üçin tagalla baryny edýär. Çagalaryň sowatly bolmagy üçin multimediýa tagtalary, kompýuterler bilen üpjünçilik ýylsaýyn gowulaşýar. Bu bolsa dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine, halkymyzyň gadymy ruhy gymmatlyklaryna, baý taryhy we medeni mirasyna esaslanýan bilim ulgamynyň ösdürilmegine döwlet Baştutanymyzyň hemişe we yzygiderli üns berýändiginiň subutnamasydyr. Mähriban Arkadagymyzyň çäksiz aladalary netijesinde ýaşlaryň döwrebap ylymly-bilimli bolmagy, göwün söýen käriniň-hünäriniň eýesi, watansöýüji, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi buýsançlydyr.
Ylym-bilim uly ösüşleriň esasy çeşmesi hem-de badalgasydyr. Ol ýurduň ähli pudaklaryny sazlaşykly ösdürýär. Hut, şu jähetden her ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününe uly ähmiýet berilmegi ýöne ýerden däldir. Garaşsyz ýurdumyzda barha kämilleşdirilýän ylym-bilim ulgamy ýaş nesliň ykbalyna-durmuşyna nurly şuglasyny saçýar. Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýän altyn güýzüň ilkinji aýynyň ilkinji günleri ýaş nesillerde ýakymly ýatlamalar goýýan şatlykly pursatlara beslenýär. Bilim ojaklarynda ýokary yhlas, erjellik, teşnelik bilen kämil bilim almaga, edep-terbiýe, görelde almaga höwesek okuwçylar Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolmagy arzuw edýärler.
“Salam, mekdep” diýlen buýsançly sözler bilen eziz Diýarymyzyň ähli mekdeplerinde 2021 — 2022--nji täze okuw ýylyna başlanylar. Kalplary hyjuwly, elleri gül desseli geljegimiz bolan ýaş nesillerimiz uly buýsanç, höwes bilen ýylgyrjaklap öz synp otaglaryna bararlar. Olar mekdebiň hazynaly ylymlar jaýydygyny tekrarlaýan mugallymlaryň ynamlaryny ödemek üçin okamaga bolan höweslerini has-da artdyryp, ylymdan-bilimden paýlaryny alarlar. Çünki, olar ýagty geljegiň daňynyň ylym-bilim bilen atýandygyna akyl ýetirýärler.
Ýaş nesil hakyndaky döwlet aladasy bagtyýar geljegimiziň, röwşen ertirimiziň kepilidir. Çünki, hormatly Prezidentimiziň parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, biziň geljegimiz ýaşlara baglydyr. Ýaşlar Watanyň ertirki eýeleridir.
Bize şu bagtyýar durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri mydama rowaç bolsun!
Güljan SAPAROWA.
“Maru — şahu jahan”.