Il saglygy — ýurt baýlygy
31.08.2021
«Ynsan saglygy baş baýlykdyr» diýlişi ýaly, her bir ynsanyň onki synasy sagat bolsa, onuň hemişe keýpi çag bolýar. Şonuň üçinem Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýurdumyzda adam saglygyny goramak barada uly alada edilýär. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky durmuşa geçirilýän beýik işleriň utgaşykly alnyp barylmagy hem halkymyzyň asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna getirýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň “Saglyk” döwlet Maksatnamasyndan ugur alyp, il alkyşyna mynasyp bolýan eli ýeňil lukmanlaryň yhlasly zähmeti hem ýerine düşýär. Şeýle lukmanlaryň biri-de welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň ginekologiýa bölüminiň müdiri Aýnagözel Babakulowadyr. Ol bu ugurda 40 ýyldan bäri ýadawsyz zähmet çekip, şonuň 32 ýylyny bölümiň müdiri bolup işläp gelýär.
Ol indi halypa lukmanlaryň hatarynda tanalýar. Aýnagözel lukmanyň göreldesine eýerip, zähmet çekýän lukmanlar hem az däl. Lukman zenan eneleriň saglygy barada aladalanyp, olara peýdaly maslahatlary berýär. A. Babakulowa welaýat zenanlar bölüminiň agzasy bolup, zenanlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini hem geçirýär.
SURATDA: merkeziň ginekologiýa bölüminiň müdiri
Aýnagözel Babakulowa iş wagtynda.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.