Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Nepis sungatyň waspy

27.08.2021

Gahryman hem mähriban Prezidentimiz welaýatymyzda iş sapary bilen bolup, birnäçe desgalaryň düýbüniň tutulmagyna ak pata berdi. Şeýle hem şol buýsançly günlerde kärhanamyzyň Baýramaly şäherindäki önümhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasy ýatdan çykmajak waka boldy. Bu taryhy wakalar il-günümiz bilen birlikde çeper elli halyçylarymyzy hem guwandyrdy, hem-de buýsandyrdy. Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalaryndan gözbaşly ösüşli ýolumyz rowaç alýar. Milli Liderimiziň welaýatymyza iş sapary türkmen halkyny has döredijilikli zähmete ruhlandyrdy.
Gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan türkmen halyçylyk hünärini dowam etdirýän Mary çeper halyçylyk kärhanasy hem bu nepis sungaty dowamat-dowam etdirip, has-da uly güýç bilen hereket edip gelýär. Ynha, bu gün bolsa mähriban Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gurlup, ulanmaga berlen, ähli amatlykly şertleri bolan Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Baýramaly önümhanasynyň döwrebap binasy halyçylary galkyndyrýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halysy has-da beýik mertebä eýe bolup, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmen halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» goşulmagy ähli halkymyz üçin buýsançly waka boldy. Mähriban topragyna bolan söýgüsini, öz arzuw-umytlaryny, dünýäniň gözelligini çeper sungat bilen halylarda beýan etmegiň gaýtalanmajak usulyny tapan türkmen zenanlary hem öz döredýän el hünärleri bilen Watanymyzyň ykdysady ösüşine, milli gymmatlygymyzyň baýlaşmagyna, bu sungatyň nesillerimize miras galmagyna öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Garaşsyzlyk baýramyny uludan toýlamaga taýýarlyk görülýän günlerde Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň ezber halyçylary hem öz yhlaslaryny gaýgyrman zähmet çekip, Watanyň uly toýuna sowgatly barýarlar.
Asyrlaryň heňňamy siňip, şu günlerimize gelip ýeten milletimiziň buýsanjyna öwrülen milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde hem-de ony dünýä tanatmakda alyp barýan asylly işleri üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.

Maýagözel AMANMYRADOWA.
Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň işgärler bölüminiň hünärmeni, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.