Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Ajap eýýamyň binalary

24.08.2021

Hormatly Prezidentimiziň öz halkyna peşgeş beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar. Milli Liderimiziň öňe süren başlangyçlaryndan gözbaş alyp, üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeler rowaç alýar. Ata Watanymyz durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösüş-özgerişleriň buýsançly belentliklerine çykýar. Şeýle guwançly depginiň bady mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabarasy dünýä doljak Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da barha artýar.
Ajap eýýamymyzyň ýyllarynda döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp bina edilýän gözel ymaratlaryň, dürli desgalaryň sany artýar. Döwrebap, kämil tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygy durmuş-medeni maksatly binalardyr desgalaryň, ähli amatlykly ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, häzirki zaman şäherçeleriniň gurluşygy bilen sazlaşykly utgaşýar. Indi şeýle göze gelüwli binalaryň we desgalaryň açylyş dabaralarynyň buýsançly ýaňy bagtyýarlyk zamanamyzda alyslara aşýar.
Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyzda iş sapary günlerinde türkmen ili ýene birnäçe şatlykly wakalaryň şaýady boldy. Has takygy, şol günlerde welaýat merkezimiz Mary şäheriniň günorta-günbatarynda täze ýaşaýyş jaý toplumynyň ulanmaga berilmeginiň toý dabarasy il-günümiziň kalbyna nur çaýdy. Mary şäheriniň Magtymguly köçesiniň ugrunda 7 gatly, 188 öýli döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Ähli amatlykly bu ýaşaýyş jaýlarynyň giň mümkinçilikleri ýaşaýjylaryň eşretli durmuşyna goşant bolar. Dabarada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýew, “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň müdiri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Güljahan Çarykulyýewa, Sakarçäge etrabynyň Görelde geňeşliginiň ýaşaýjysy, hormatly il ýaşulusy Duşak Annagulyýew, Mary şäheriniň ýaşaýjysy Amanjemal Berdiýewa çykyş edip, ýygnananlary täze ýaşaýyş jaý toplumynyň ulanmaga berilmegi bilen gutladylar. Ajap eýýamymyzda döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli giň möçberli işler barada durup geçdiler. Milli Liderimiziň adyna alkyş sözleri dabara ruhubelentlik çaýdy. Dabaranyň dowamynda öňdebaryjy gurluşykçylaryň birnäçesine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasynda medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary alyslara aşsa, tansçylaryň şowhunly çykyşlary çäräniň dabarasyny artdyrdy. Mary şäherine görk goşup oturan toplumyň gözel binalary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň guwançly miweleridir. Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň şanly wakasy bolan Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýuna baýramçylyk sowgady bolan bu ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyşy oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
***
Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň guwançly wakalarynyň ýene biriniň toý-dabarasy Baýramaly şäheriniň ýaşaýjylarynyň şatlygyna şatlyk goşdy. Bu ýerde ajap eýýamymyzyň gözel binalarynyň biriniň açylyş dabarasy boldy. Has takygyny aýtsak, bu ýerde Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň önümhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasy dag aşdy. Täze önümhananyň açylyş dabarasynda “Türkmenhaly” Döwlet önümçilik birleşiginiň başlygy Ogulhajat Işangulyýewa, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy, halypa halyçy Oglak Abaýewa, TKA-nyň Baýramaly şäher birleşmesiniň başlygy Jennet Agaýewa, Baýramaly önümhanasynyň ýaş halyçysy Aýjahan Bükriýewa çykyş edip, dabara gatnaşanlary önümhananyň täze binasynyň açylyş dabarasy bilen mähirli gutladylar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramyna mynasyp sowgat bolan önümhananyň täze binasynda çeper elli halyçylara döredijilikli zähmet çekmäge ähli amatly şertler döredilipdir. Iki gatly bu binada halyçylar üçin naharhana, lukmanyň otagy, mejlisler zaly bar. Baýramaly önümhanasynyň döwrebap binasynyň açylyş dabarasyny medeniýet we sungat işgärleri aýdym-saz bilen bezediler. Tansçylaryň şowhunly çykyşlary dabara gatnaşanlaryň şatlygyna şatlyk goşdy.

Baýram AMANOW.
“Maru-şahu jahan”.
SURATDA: döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasyndan pursat.
Suraty düşüren Döwlet MUHAMOW.