Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Sanly ulgam - döwrüň talaby

21.08.2021

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde önümçilige innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, sanly ykdysadyýetiň döredilmegi ugrunda edilýän taýsyz tagallalary ýurdumyzyň täze ösüş belentliklerine çykmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy hem-de ösdürilmegi esasy önümçilik-ykdysady işleriň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyna getirdi. Şeýle-de, merkezleşdirilen tertipde dolandyrylmagyna, şahsy ýetişdirilen önümçilik we sarp ediş bazarlarynyň ösdürilmegine, ykdysady işiň subýektleriniň umumy netijeleriniň ýokarlanmagyna, maglumatlary almagyň hasabyna bilimleriň kämilleşdirilmegine, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze, döwrebap iş orunlarynyň döredilmegine giň mümkinçilik açýar.

Mahym BERDIÝEWA.
TAP-nyň Mary şäher komitetiniň esasy hünärmeni.