Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Täze okuw ýyly bosagada

19.08.2021

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi tamamlanyp barýar. Munuň özi 2021 — 2022-nji — täze okuw ýylynyň bosaga gelendigini aňladýar. Sapaly dynç alyşda bolan çagalar indi okuw ýylynyň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Olar täze okuw ýylynda hem oňat bahalar alyp, göreldeli okuwçy bolmagy maksat edinýärler. Çünki, bagta barýan ak ýollaryň menzilleri mekdepden gözbaş alýar. Mekdeplerde bolsa täze okuw ýylynyň başlanandygyny habar berýän jaň sesiniň ýaňlanjak güni indi uzakda däl.
Mekdeplerde abatlaýyş-bejeriş işleri göwnejaý alnyp baryldy. Mugallymlar okatjak synplaryna ýeterlik okuw kitaplaryny gözden geçirip, görkezme esbaplaryny barlap, ykjam taýýarlansalar, ata-eneler çagalaryny okuw esbaplary bilen üpjün etmek bilen meşgullanýarlar. Ata-eneleriň çagalarynyň oňat okap, döwrebap bilim almagy barada edýän aladalarynda kösençlik çekmezlikleri üçin welaýat merkezinde, etrap-şäherlerimizde mekdep bazarlary işläp başlady. Welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşigine degişli bolan şol bazarlaryň birnäçesi “Maru — şahu jahan” merkezi bazarynyň çäginde hereket etse, etrap merkezlerindäki söwda bazarlarynda guralýan mekdep bazarlary hem bol harydy bilen adamlaryň ünsüni özüne çekýär.
Täze okuw ýylynyň golaýlap gelmegi bilen işläp başlan mekdep bazarlary okuw esbaplaryny, oglanlaryň-gyzlaryň mekdep egin-başlaryny hödürleýärler. Bu bazarlarda hususy telekeçileriň hyzmaty, diýseň, uly. Bazarlar ata-eneleriň, mekdep okuwçylarynyň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Mekdep bazarlarynyň adamlaryň wagtlaryny tygşytlamaga, dürli ýaşdaky okuwçylary mekdep geýimleridir okuw esbaplary bilen doly üpjün etmäge mümkinçiliginiň bardygyny aýdasymyz gelýär. Mekdep bazarlarynyň harytlarynyň uly böleginiň ýurdumyzda öndürilen önümlerdigini aýtmak has-da ýakymly. Ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda taýýarlanan önümlere, telekeçiler tarapyndan tikilen tahýalara alyjylaryň islegleri uly. Okuwçy gyzlar üçin ýumşak nah matadan tikilip, taýýarlanan okuw köýnekleri geçginli harytlaryň birine öwrüldi. Hossarlary bilen mekdep bazarynda özlerine gerekli bolan ýokary hilli, amatly bahaly okuw esbaplaryny satyn alýan okuwçylaryň hoşallyklarynyň çägi ýok.
Döwrümiziň bagtyýar nesilleri üçin ähli aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ýurdy abadan, işi rowaç bolsun! Arkadagymyzyň saýasynda nesiller bagtyýar ýaşasyn! Täze okuw ýylyňyz düşümli bolsun!

Güljan SAPAROWA.
“Maru — şahu jahan”.