Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Halypa-şägirtlik ýoly bilen

19.08.2021

Kanagatlylyk, kesp-käriňe wepalylyk adamlara hormat-sylag getirýär, zada zar etmän, il alkyşyna ýetirýär. Mugallymçylyk — iň bir hormatlanylýan kärleriň biri. Ýaşy sekizinji onlukdan gädip ugran, ömrüniň elli ýyldan hem gowragyny biregne mugallymçylyk kärine bagyşlan, il arasynda hormat-sarpa mynasyp bolan Atamyrat Kullyýew häzirem Murgap etrabyndaky 16-njy orta mekdepde zähmet ýoluny dowam etdirip, ýaş kärdeşlerine halypalyk edýär.
1949-njy ýylda doglan Atamyrat mugallymyň çagalyk ýyllary 1941 — 1945-nji ýyllaryň Watançylyk urşunyň yzýanyndaky kynçylykly döwürlere gabat gelýär. Ol ilki öz obalaryndaky başlangyç mekdebi, 1966-njy ýylda bolsa goňşy obadaky 9-njy orta mekdebi tamamlaýar. Ýaşlykdan mugallym bolmagy arzuw eden ýetginjek 1966 — 1969--njy ýyllarda häzirki Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebinde okap, başlangyç synp mugallymy hünäriniň eýesi bolýar. Onuň bilim ulgamyndaky zähmet ýoly 1969-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Mary etrabynyň “Gülüstan” daýhan birleşigindäki 6-njy orta mekdepde başlangyç synp mugallymy bolmakdan başlanýar. Şol ýyl harby gulluga çagyrylyp, üç ýyllap Watan öňündäki gulluk borjuny abraý bilen berjaý edýär. Şondan soň onuň zähmet ýoly Murgap etrabyndaky 9-njy orta mekdepde dowam edýär. Ylym-bilime bolan höwesi, mugallymçylyk kärine bolan yhlasy ýaş ýigidi öz erkine goýmaýar. Atamyrat 1973-nji ýylda Türkmenabadyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna gaýybana okuwa girip, 1978-nji ýylda ýokary bilimli taryh mugallymy hünäriniň eýesi bolýar. 1986-njy ýyldan bäri Atamyrat aga öz obalaryndaky 16-njy orta mekdepde taryh mugallymy bolup işleýär.
Nirede, haýsy mekdepde işlese-de, kiçigöwünli, pes pälli, öz kärine yhlasly, çagalar bilen işleşmäge ukyply bu halypa kärdeşleriniň arasynda uly hormatyň eýesi bolýar. Onuň özüniň gürrüň berşi ýaly, ol köp okamagy, täzelikler bilen yzygiderli tanyşmagy, işiniň daşyndan daýhançylyk, ussaçylyk bilen meşgullanmagy ýaşlygyndan bäri dowam etdirýär. Ine, şu işjeň hereketi hem ýaşulynyň ömrüni uzaldýar, öz kärine, Gahryman Arkadagymyzyň halkyna peşgeş beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki beýik işlere mynasyp goşandyny goşmaga bolan höwesini artdyrýar.
Atamyrat mugallym köp ýyllaryň dowamynda mekdepde, etrapda geçirilýän usuly-amaly okuwlara köpçülik çärelerine işjeň gatnaşdy. Munuň şeýledigine oňa dürli ýyllarda berlen etrap bilim bölüminiň, welaýat baş bilim müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň Hormat hatlary hem şaýatlyk edýär.
Kesbinden kemal tapan halypa mugallym hemişe özüne işde, durmuşda görelde bolan, halypalyk goldawyny beren kärdeşlerini uly hormat bilen ýatlap, olaryň ruhunyň öňünde baş egýär. Türkmenistanyň halk mugallymy, belli mirasgär Ümür Esen Atamyrat aganyň baş halypasy. Ümür aga öz obasynda juda baý eksponatly muzeý döredende Atamyrat mugallym işiniň daşyndan iki ýyllap muzeý eksponatlaryny rejelemäge, tekjeleri ýasamaga ýakyndan goldaw berdi. Bu barada Ümür aganyň Atamyrat mugallyma öz eli bilen ýazyp beren minnetdarlyk hatynda: “Atamyradyň ellerinden dür dökülýär. Müzeý döredemizde ol on müňden hem gowrak eksponaty rejelemäge gatnaşdy. Onuň başarmaýan işi ýok. Onuň bilim derejesem ortadan ýokary, adamkärçiligi gyzyl ýaly...” diýen setirler bar.
Atamyrat mugallymyň bilim-terbiýe beren okuwçylarynyň ýüzlerçesi bu gün ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, dürli pudaklarda, dürli wezipelerde abraý bilen zähmet çekip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly baýram edilýän ýylynda Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olaryň arasynda Atamyrat mugallymyň kärini dowam etdirip, etrabyň mekdeplerinde taryh mugallymy bolup işleýänleriň bardygy has-da guwandyryjydyr.
— Men Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny tamamlap, ilki Garagum etrabynda taryh mugallymy bolup işe başladym. Indi iki ýyldan bäri Murgap etrabyndaky 16-njy orta mekdepde taryh mugallymy bolup işleýärin. Işe başlan ilkinji günlerimden mekdep ýolbaşçylary, halypa kärdeşlerim maňa ýakyndan goldaw berdiler. Baý iş tejribeli Atamyrat mugallymyň taryh mugallymy hökmünde berýän degerli maslahatlary meniň oba, mekdep, okuwçylar bilen ýakyndan tanyşmagymda, işe ugrukmagymda uly ähmiýete eýe boldy. Häzirki günlerde hem men gündelik işimizde Atamyrat aganyň goldawyna daýanýaryn. Halypalyk maslahatlary üçin mekdebimiziň ýaş mugallymlary Atamyrat agadan hoşal bolýarlar — diýip, mekdebiň ýaş taryh mugallymy Şirin Tüňňüşowa gürrüň berýär.
Murgap etrap bilim bölüminiň baş hünärmeni, halypa bilim işgäri Ahmet Çarykulyýew şeýle gürrüň berýär:
— Men indi ýigrimi ýyldan hem gowrak wagtdan bäri etrap bilim bölüminde işleýärin. Etrabyň mekdepleriniň taryh, geografiýa derslerini okadýan mugallymlaryň işlerine ýolbaşçylyk edýärin. Gahryman Arkadagymyz hemme pudaklar bilen birlikde bilim ulgamynda hem halypa-şägirtlik ýoluny gaýtadan dikeltmäge giň mümkinçilikleri döretdi. Atamyrat Kullyýew halypa taryh mugallymlarynyň biri. Ol taryh mugallymlary bilen geçirilýän usuly-amaly okuwlara, dürli çärelere, bäsleşiklere işjeň gatnaşýar. Ýaşynyň birçene barandygyna garamazdan, onuň ýadamasy-ýaltanmasy ýok. Häli-şindi etrap bilim bölümine gelip, döwrüň täzelikleri, okuw-terbiýeçilik işlerinde üns berilmeli meseleler boýunça maslahatlaşyp, degerli belliklerini aýdýar. Halypa mugallymyň işindenem, berýän goldawlaryndanam biz-ä, hemişe hoşal.
Atamyrat mugallym kärdeşleri, okuwçylary bilen ýakyndan söhbetdeş bolmagy, degişmegi hem gowy görýär. Soňky ýyllarda ýaşulynyň birneme gulagy agraldy. Okuwçylaryň käbiri onuň bu ýagdaýyndan peýdalanyp, garagollyk etjek bolýar. Şonda ol çalaja ýylgyrýar-da: “Siz mugallym oňat eşidenok diýip, garagollyk etjek bolup azara galmaň. Men özüme gerekli zatlary eşidýärin, gerekmejek zatlary eşitjegem bolamok. Onsoňam, men siziň her bir hereketiňizi, pikiriňizi ýüzüňizden okaýaryn” diýýär. Atamyrat aga özüniň ýürek buýsanjyny şeýle beýan edýär:
— Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly baýram edilýän ýylyň 1-nji sentýabrynda meniň bu ugurda işläp ýörenime 52 ýyl bolýar. Men şunça ýyllap hormatly Prezidentimiziň atasy, halypa mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň asylly kärini dowam etdirýändigim üçin özümi juda bagtly hasaplaýaryn. 1-nji sentýabrdan hormatly dynç alşa çykmakçy. Ýöne şonda-da öýde gol gowşuryp oturmaryn. Mähriban mekdebime ýygy-ýygydan baryp, kärdeşlerim, okuwçylarym bilen didarlaşyp, olara öz nesihatlarymy ýetirip duraryn.
Hormatly Prezidentimizi, ähli watandaşalarymyzy şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bize şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren, işlemäge, döretmäge ähli şertlere ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Alyp barýan ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri barha rowaçlyklara beslensin!

Annamyrat HOTJYÝEW.
Murgap etrap bilim bölüminiň hünärmeni, KA-nyň işjeň agzasy.
SURATDA: Atamyrat Kullyýew öz halypasy Ümür Esen bilen.