Ýurdumyzyň azyk bolçulygyna goşant
19.08.2021
Güneşli ýurdumyzda bereketli toprakdan bol hasyl öndürip, azyk bolçulygyny döretmek boýunça ullakan tagallalar edilýär. Bagtyýarlyk zamanamyzyň ösüşli gadamlaryna goşant goşýan telekeçilerimiz hem ýokary hilli azyk önümlerini öndürmekde netijeli işleri alyp barýarlar. Oba hojalyk toplumynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakynda kabul edilen kararlara laýyklykda, ilaty özümizde öndürilýän, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutup biljek azyk önümleri bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler ýer eýeleriniň we hususyýetçileriň zähmetleriniň miwesidir.
Ekerançylygyň girdejili pudaga öwrülmegi üçin işleri täzeçe gurnap, ekinleriň beýleki görnüşlerini hem ýetişdirip, bol hasyl almakda telekeçi hojalyklar we hususy ýer eýeleri nusga alarlyk derejede görelde görkezýärler.
Şeýle göreldeli hojalyklaryň biri-de Sakarçäge etrabynyň Akýap geňeşliginiň çäginde ýerleşýän, bir gektar gowrak meýdany tutup duran ýyladyşhanada banan miwesini ösdürip ýetişdirýän «Ferhar» hojalyk jemgyýetidir. Bu hojalyk jemgyýetiniň agzybir işgärlerine işine ussat telekeçi Batyrmyrat Orazsähedow ýolbaşçylyk edýär. Indi ençeme ýyl bäri hojalykda bol banan miweleri ýetişdirilip, diňe bir welaýatymyzyň ilatyny üpjün etmek bilen çäklenilmän, eýsem, ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryna hem iberilýär.
Elbetde, howa we ýer şertlerimizde iňňän hysyrdyly we ullakan jogapkärçiligi talap edýän banan ösümligini ösdürip ýetişdirmek aňsatlyk bilen öz-özünden bolanok.
Erjellik bilen çekilen irginsiz zähmet, ukusyz gijeler, ummasyz yhlas, töwekgelçilik öz oňyn netijesini hem berdi.
Bu hojalyk jemgyýetiniň ezber işgärleriniň bimöçber tagallalary ýerine düşüp, häzirki wagtda ýyladyşhanada iki müň düýp banan ösümligi bereketli ene topragymyza köklerini ýaýradyp, bol hasyla durdy. Birnäçe ýyllaryň dowamynda tutanýerlilik bilen banan ösdürip ýetişdirmegiň inçe syrlaryny ele alan bu hojalygyň janypkeş işgärleri halal zähmetleriniň hözirini görýärler.
Il bähbitli alyp barýan işleri dogrusynda, ýylyň- -ýylyna işleri ilerlemek bilen bolýan bu ýyladyşhananyň esasy hünärmeni Rejepgeldi Täşliýew bilen gürrüňdeş bolup, oňa birnäçe sowal bilen ýüz tutduk. Ol uly höwes bilen öz işleri barada gürrüň berdi.
— Rejepgeldi aga, bu boz ýatan boş ýeri özleşdirip, töwekgelçilikli iş bolan ýyladyşhanada banan ösdürip ýetişdirmek pikiri sizde nähili döredi?
— Güneşli ülkämiziň bereketli topragy, degerli ideg edilende, dür öndürýär. Miweli daragt bolsun, bakja ekinleri bolsun, göwnejaý idi-yssywat edilende, hökman bol hasyl eçilýär.
«Azapsyz ýeriň ady ýok» diýlişi ýaly, bir ýarym gektara golaý ýerimiz öň ýandakdyr syrkyn, ot-çöp basyp, şorlap giden, hiç zada ýaramsyz hasap edilip ýörlen ýerdi. Özüm şu obaly bolamsoň, bu ýerlere beletdim. Günleriň bir güni hem duşundan geçip barýarkam, «Be, şu tozap ýatan boş ýeri özleşdirip, il-güne peýdaly bir ekin ekäýsek» diýen pikir kelläme geldi.
Ýeriň, ekiniň diline düşünmek ekinzarlyga bolan höwes mende çagalyk döwrümden başlandy. Kakam daýhan birleşiginde ir döwürlerden bäri baş agronom bolup işleýärdi. Men hem onuň ýanynda bolup, ekinleri, baglary ösdürip ýetişdirmegiň inçe tilsimlerini öwrenýärdim.
Giň meýdanda üýtgeşik bir bag ýetişdirip, il- -günümize hyzmat etmek höwesim, belki-de, meniň şu işlere baş goşmagyma sebäp bolandyr . Könelerimiziň «Adam eli — gyzyl gül» diýip aýdyşlary ýaly, ine, indi tutanýerlilik bilen çeken yhlasly zähmetimiz öz miwesini berip başlady. Datly banan miwesiniň her ýylda birnäçe tonnasyny halkymyza hödürleýäris.
— Bu ýyladyşhana haçan guruldy we näçe ýyldan bäri banan miwesini ýetişdirýärsiňiz?
— Hojalyk jemgyýetimiziň başlygy Batyrmyrat Orazsähedow bilen maslahatlaşyp, banan ekinini ösdürip ýetişdirmek üçin bu ýyladyşhananyň gurluşygyna 2017-nji ýylyň başynda girişdik. Şol ýylyň oktýabr aýynda bolsa Türkiýe döwletinden iki müň düýp ýaş banan nahallaryny getirip, ýyladyşhanamyzda oturtdyk.
Tropik ýurtlaryň ekini bolan banan ösümligini biziň ýer-howa şertlerimizde ösdürip ýetişdirip, ondan hasyl almak töwekgelçilikli täzelikdi. Bize ynanmazçylyk bilen garanlar hem bolupdy. Emma, «Töwekgeliň endişe bilen işi ýok» diýlenine eýerip, biz badymyzy birjik-de gowşatman, öňümizde goýan maksadymyza ýetmek üçin, kynçylyklardan çekinmän bar yhlas-zehinimizi siňdirip işledik.
Ilki bu ekin barada degerli iş tejribämiziň bolmanlygy zerarly kynçylyk çeken wagtlarymyz türk hünärmenleri bilen maslahatlaşdyk, olar bilen işjeň hyzmatdaşlykda bolduk.
«Ýer daýhany dabanyndan tanarmyş» diýipdir, könelerimiz. Yhlas etseň, zehiniňi, ukybyňy gaýgyrman hyzmat etseň, biziň bu bereketli topragymyzyň bol hasyl eçilip, öndürmejek zady ýok.
— Banan ekinine ideg edilişi, onuň ýerli şertlere uýgunlaşmak ýagdaýy we hasyllylygy barada-da kelam agyz aýdaýsaňyz!
— Biziň bu ýetişdirýän banan ösümligimiziň sorty «Grand Nike» diýlip atlandyrylýar.
Türkmençä öwürenimizde ol «Jüpüne düşen» diýen manyny aňladýar. Onuň boýy 6-7 metre çenli ösmek bilen ýasy ýapraklarynyň uzynlygy 2,5 metre çenli, ini bolsa 1 metre golaý bolýar. Bu geň - enaýy ösümlik otuz ýaprak çykarandan soň otuz birinji ýapraga derek hasylyň gülüni we hasylyň özüni emele getirýär. Şu döwre çenli dokuz aý geçip, onuň boýy 6-7 metre ýetýär.
Ullakan üzüm hoşasyny ýatladýan hasyl toplumynda 250-280-e çenli banan miwesi bolup bilýär. Bu bolsa ortaça 30-35 kilogram möçberde bolýar. Hasyllylygy bir gektardan ortaça 500-600 sentner. Bu örän ýokary görkezijidir.
Banan ösümligi oturdylandan soňra dokuz aýdan hasyla durýar. Bu bolsa ýylyň Iýun-iýul aýlaryna gabat gelýär. Soň 3-4 aýyň dowamynda ýetişýär we oktýabr-noýabr aýlarynda ýygyma girişilýär.
— Rejepgeldi aga, hemmeleri gyzyklandyrýan ýene bir sowalymyza jogap berseňiz! Banan ösümligi köpýyllyk ekinmi ýa-da ...
— Banan ösümligi ir-iýmişli, köpýyllyk miweli daragt hasap edilmeýär — diýip, Rejepgeldi aga sözüni dowam etdi. — Ol ýylyň dowamynda, ýokarda belläp geçişimiz ýaly, 30-35 kilogram möçberde bir gezek hasyl berýär. Hasyly ýetişip, ýyglandan soňra bu düýp aýrylýar. Onuň berkän kökünden täze ösüp ýetişen nahaly ösüşe goýberilýär we ol hem dokuz aýdan hasyla durýar. Idegi gowy ýetirilende 6-7 aýdan hem hasyl berip bilýär. Kä halatlarda banan ösümliginiň şol bir wagtda üç neslini hem görmek bolýar. Meselem, uly düýbüň özi, gyzy we agtygy diýen ýalyrak görnüşde.
Banan ekininiň kökleri topraga çuň aralaşmaýar, ol ýüzleý bolup, 5 metre çenli uzap gidýär. Şol sebäpli onuň düýbüni agdaryp, bejergi geçirmegiň zerurlygy ýok. Banan ekilen topragy ýerli dökünler, mal dersi bilen yzygiderli gurplandyryp durýarys.
Suwaryş işleri hakynda aýdanymyzda, banan ösümligi ýaş nahal wagtynda ony damjalaýyn usul bilen suwarmaly. Birneme boý alandan soň bolsa emeli ýagyş görnüşinde suw bermeli.
Ýyladyşhananyň içki ýylylygyny banan ekinine ýaramly bolan 240-280 derejede saklamaly. Howanyň çyglylyk derejesi 70 göterim möçberinde bolsa göwnejaý bolýar.
— Banan miwesine islegiň köp bolmagy bilen, başga-da bu ekini ösdürip ýetişdirmäge ilatyň arasynda isleg bardyr. Ýyladyşhanaňyzda banan ösümliginiň nahallaryny hem ýetişdirýärsiňizmi?
— Banan ösümliginiň düýbünden we köklerinden gögerip çykýan ýaş nahallary köpeldip, öz kiçi ýyladyşhanamyzda ýetişdirip, ilata hödürleýäris. Häzirki wagtda banan nahallaryna isleg artyp başlady. Gyzyklanýan adamlara biz öz kömegimizi we maslahatymyzy gaýgyrmaýarys.
Banan nahallaryny ýetişdirmekde, ekinlerden bol hasyl almakda janypkeşlik bilen zähmet çekýän işgärlermizden doganlar Nepes we Gurban Welläýewleriň, Şatlyk Atdaýewiň, Rahat Çaryýewiň, Gülüstan Ataýewanyň, Begmyrat Ahmedowyň atlaryny guwanç bilen agzamak isleýärin.
Hormatly Prezidentimiziň il-halkymyzy bol miwe we bakja önümleri bilen üpjün etmek baradaky aladalaryna jogap edip, bol hasyl öndürmekde biziň bu işgärlerimiz ýyladyşhanamyzda jan aýaman, halal zähmet çekýärler.
—Beren gyzykly hem täsirli gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Il bähbitli alyp barýan işleriňizde size hemişe üstünlikler ýar bolsun!
— Sag boluň!
Ýeri gelende aýtsak, «Ferhar» köne türkmen sözi bolup, «gözellik, ajaýyplyk» diýen manylary berýär.
Biz hem kiçiräk bir ajaýyp subtropik tokaýlygy ýatladyp duran, hoşboý mikroklimatly, gözellige beslenip oturan banan ösümlikleriniň arasynda özleri hem gözel görke eýe bolup, halal zähmet bilen meşgul bolýan bu ýyladyşhananyň ezber işgärlerine sogaply işlerinde mundan beýläk hem ullakan üstünlikleri arzuwlap, olar bilen hoşlaşdyk.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalygynda gök-bakja we miwe önümleriniň bol hasylyny öndürmegiň möhüm ugry bolan ýyladyşhanalara giň gerim bermegi şu günki günüň talabydyr. Bu bolsa gök önümleriň we miweleriň bolçulygyny döredip, ilatyň ösen islegini kanagatlandyrmaga ullakan ýardam bolup durýar.
Muhammetjuma HYDYROW.
SURATDA: gözüňi dokundyrýan bananlar.
Surata düşüren awtor.