Oba hojalygy: bol hasyl ugrunda
19.08.2021
Garaşsyz Watanymyzyň “Ak altyn” ussatlary ýaly, welaýatymyzyň pagtaçylary-da öňdäki jogapkärli möwsüme — pagta ýygymyna köpçülikleýin girişmäge ykjam taýýarlanýarlar. Ýygyma taýýarlyk işleri Murgap etrabynyň daýhan birleşikleriniň pagtaçy kärendeçileri tarapyndan hem talaba laýyk alnyp barylýar. Hojalygyň ekerançylyk meýdanlarynda gowaça, bugdaý, gant şugundyry esasynda ekin dolanyşygy ýola goýlupdyr. Munuň özi ekin meýdanlarynyň medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna, ýerden bir ýylda iki hasylyň alynmagyna, topragyň düzüminiň gurplandyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Etrabyň “Watan” daýhan birleşigi boýunça 2310 gektar meýdanda der dökülip, kemala getirilen gowaçalardan “ak altynyň” bol hasylyny ýygnap alyp, dag deý belent harmanlary döretmek daýhanlaryň arzuwy, baş maksady. Pagtaçy kärendeçileriň 619-synyň agzybirlikli çekýän zähmeti netijesinde gowaçalar öz wagtynda suwarylyp hatarara bejergi, ýerli we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri, boý alan gowaçalaryň ujuny çyrpmak agrotehniki talaba laýyk alnyp barlypdyr. Gowaçalarda ilkinji hanalaryň görnüp başlamagy ak baýlygyň bereketli hasylynyň ýetişdirilýändigine güwädir.
Ekerançylar ýylýüzi çeken zähmetiniň ahyrky netijesiniň ýokary boljagyna uly umyt baglaýarlar. Aga-iniler Orazberdidir Täçdurdy Gulalyýewler, Bäşim Çaryýew hojalykda tejribeli kärendeçileriň hatarynda tanalýarlar. Sahawatly topragyň çyn eýesi bolan şeýle kärendeçileriň ýere yhlas-azaby beýlekilere nusga alarlyklydyr. Topraga alyn derini siňdirip rysgal-döwlet tapýan pagtaçylar üstümizdäki ýylda hem ýokary görkezijiler gazanmagy maksat edinýärler. Zähmetsöýer kärendeçiler altyn güýzdäki jogapkärli möwsüme — pagta ýygymyna gol çyzgap girişip, kärende ýerlerinden alynjak hasylyň derejesiniň geçen ýylkydan-da ýokary bolmagyny gazanmaga bil baglaýarlar.
Döwletiň ösüşi, halkyň abadançylygy, saçaklaryň berekedi daýhan yhlasyndan, daýhan zähmetinden paýly. Muňa öz zähmet ýollarynda göz ýetiren hojalygyň pagtaçylary üsti “ak altynly” ak kerweniň ak ýollara uzamagyna zähmet goşantlaryny goşmagy maksat edinip, ýygymda gerekli bolan fartuklarydyr ganarlaryny, çekim gapanlaryny taýýarlap, möhüm möwsümiň alkymlap gelmegini höwesli garşylaýarlar.
Aýjan ABDYÝEWA.
SURATDA: hojalygyň “ak altynly” pellerinde.