Sport. Sport. Sport.
12.08.2021
Gahryman Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimize we durmuşymyza ornaşdyrmakda ägirt uly işleri alyp barýar, öz beýik şahsy göreldesi bilen raýatlarymyza sport bilen meşgullanmagyň, dynç alşy we sporty utgaşdyrmagyň ajaýyp nusgasyny görkezýär. Milli Liderimiziň göreldesine eýerýän ýaş türgenleriň biri-de, sportuň grek-rim göreşi bilen meşgullanýan Şahan Saparowdyr. Sporty özüne aýrylmaz hemra edinen yhlasly türgen sportuň bu görnüşini gyzykly hem-de özüne çekiji hasaplaýar.
Mary şäherindäki 8-nji sport mekdebine gatnaýan Ş. Saparow çagalygyndan ykbalyny sporta baglan ýaş zehinlileriň biri. Oňa bu ýerde sportuň grek-rim göreşi boýunça tejribeli tälimçi Röwşen Şalarow tälim berýär. Ýaş türgendäki ukyp-başarnygy, höwesi gören tälimçi, beýleki şägirtlerine bolşy ýaly, bu okuwçysyna hem ähli yhlasyny siňdirýär.
“Yhlasa — myrat” diýlişi ýaly, Şahan irginsiz türgenleşikleriň netijesinde, ussat tälimçisiniň ýol görkezmeginde grek-rim göreşiniň inçe tilsimlerini öwrenip, bu ugurda geçirilýän şäher, welaýat we ýurt derejesindäki ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolup gelýär. Ol 2018-nji ýylda Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda Lebap welaýatynda geçirilen ýaryşda 1-nji, 2018-nji ýylda Lebap welaýatynda geçirilen Türkmenabat şäheriniň açyk birinjiliginde hem 1-nji, 2019-njy ýylda welaýatymyzyň birinjiligini almak ugrundaky bäsleşikde 1-nji, 2020-nji ýylda welaýatymyzyň kubogyny almak ugrunda geçirilen ýaryşda-da 1-nji orunlara mynasyp boldy. Maşgala agzalarynyň hem ýakyndan berýän goldawy türgen ýigidi üstünliklere ýetmäge has-da ruhlandyrýar. Onuň eýeleýän baýrakly orunlary tälimçisiniň ynamyny ödeýändigine aýdyň subutnamadyr.
Biz hem zehinli türgeniň geljekde-de halkymyzyň sport abraýyny has-da artdyrmaga öz mynasyp goşandyny goşup, ussat pälwanlaryň biri bolup ýetişjekdigine ynanýarys.
Goý, her bir bäsleşikde ýeňiş seniň ýaranyň bolsun, ezber pälwan!
G. BÄŞIMOWA.
SURATDA: yhlasly türgen Şahan Saparow.