Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy
12.08.2021
Welaýatymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Murgap etrabynyň «Çäçdepe» daýhan birleşiginiň «ak altyn» ussatlary gowaçanyň bereketli hasylyny ýetişdirmek ugrunda aladalanýarlar. Olar Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda 560 gektar ýerde ekilen gowaçanyň idegini ýetirýärler. Gowy boý alyp, şahalaryny ýaýradyp, idegi ýeten gowaçalar bu günki gün daýhanyň buýsanjy bolup görünýär.
Telekeçi Nurgeldi Atahanow daýhan birleşiginiň çäginden 12 gektar ýeri kärendesine alyp, bugdaýdyr pagtanyň boldumly hasylyny ýetişdirip, beýleki kärendeçilere görelde bolmagy başarýar. Topragyň diline düşünip, zähmet çekýän adamyň ekin meýdany başgaça bolýar. Nurgeldi aganyň hem şeýle adamlardandygyny idegini ýetirýän gowaça hasylyndan bilmek bolýar. Onuň gowaça meýdany göwnüňi göterýär. Yhlasynyň ýerine düşýändigine guwanýan N. Atahanow şu günler meýdanda soňky ideg işlerini ýerine ýetirmek bilen birlikde jogapkärli möwsüm bolan pagta ýygymyna hem taýýarlyk görýär.
Tejribeli kärendeçi hem telekeçi Nurgeldi Atahanow halkynyň bagtyýar ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyşly sözlerini aýdýar.
Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan»
SURATDA: iş pursatynda.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.