Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

06.08.2021

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde oba hojalygy möhüm pudaklaryň biri bolup durýar. Halkymyzy öz ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleri, dokma senagatymyzy gymmatly çig mal bolan pagta bilen üpjün etmek möhüm ähmiýete eýedir.
Garagum etrabynyň «Garagum kanaly» daýhan birleşiginiň ýer eýeleri özleri üçin döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, pagta we bugdaý ýetişdirmekde öňlerinde goýlan wezipä abraý bilen hötde gelmäge çalyşýarlar. Hojalygyň agzybir kärendeçileri Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda 4400 gektar ýerde gowaçanyň bitginli hasylyny ýetişdirmek ugrunda aladalanýarlar. Bu ýerde her bir kärendeçi «Çekseň zähmet — ýagar rehnet», «Päk zähmet — rehnet arygy» diýlip aýdylan sözlerden ugur alyp, çekýän zähmetiniň bereketli miwesini görmek üçin tutanýerli zähmet çekýär. Olar gowaça ideginde agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda her bir işi gijikdirmän ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Şu günler daýhan birleşiginiň kärendeçileri gowaçalaryň uçlaryny çyrpmak işleri bilen meşgul bolýarlar. Kärendeçiler Annamyrat Çaryýew 4 gektar ýere, Orazgeldi Atanazarow 3 gektar ýere, Amanmyrat Mämmedow 3 gektar ýere eýelik edip, bol hasyl ýetişdirmekde öz kärdeşlerine görelde görkezýärler. Hojalygyň pagta agronomy Döwrangeldi Akmämmedowyň hem kärendeçileriň arasyndaky abraýy uly. Ol ene topraga siňdirýän yhlasy, baý zähmet we durmuş tejribesi bilen kärendeçileriň ýakyn maslahatçysy bolýar.
Şan-şöhrata beslenýän ýylda hojalygyň kärendeçileri meýilnama boýunça 9630 tonna “ak altyny” Watan harmanyna tabşyrmagy göz öňünde tutýarlar. Olaryň päk zähmet bilen şu günlerki gowaçalara edýän idegi zähmet ýeňişlerini gazanmagyna uly ynam döredýär. Kärendeçilere gowaçalaryň hatararalaryny ýumşatmakda, iýmitlendiriş işlerini geçirmekde mehanizatorlar Tahyr Täjiýew, Guwanç Haýydow, Myrat Tahyrow ýakyn ýardamçy bolup, ýer eýeleriniň alkyşly sözlerine mynasyp bolýarlar. Daýhan birleşiginde “Arkalaşan dag aşar” diýlişi ýaly, alnyp barylýan işleriň agzybirlikde utgaşykly ýerine ýetirilmegi hojalygy ýylyň-ýylyna belent sepgitlere tarap alyp barýar.
Hojalygyň zähmetsöýer kärendeçileri oba hojalygyny kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak, oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak ugrunda aladalanýan milli Liderimize alkyşly sözlerini aýdýarlar.

Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».