Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bilimli ýaşlar — geljegimiz

27.01.2021

Gözel Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ylym-bilim ulgamy barha belende galýar. Ýaş nesilleriň yhlasly okamagy, zähmet çekmegi üçin Türkmenistan döwletimizde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde bilim almak, ökde hünärmen bolup ýetişmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Özleri üçin döredilýän mümkinçiliklere jogap edip, Tagtabazar etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary ýaş nesliň aň-düşünjeleriniň ösmegi, zehinleriniň taplanmagy üçin ähli tagallalary edýärler.
“Bilim ylmyň açarydyr” diýlişi ýaly, mekdep okuwçylary diňe bir bilim almak bilen çäklenmän, eýsem, aýdym--saz hünärinem ele almaga çalyşýarlar. Etrap çagalar sungat mekdebinde aýdym-saz hünärleriniň 8 görnüşi hereket edýär. Olardan fortepiano, skripka, fleýta, akkordeon, gargy tüýdük, dutar, bagşyçylyk, baglama hünärleri boýunça bilim berilýär.
Zehinli çagalary ýüze çykarmakda mugallymlar Rozy Akmuhammedow, Arslan Setdarow, Akbegenç Piriýewa, Dilber Durdymyradowa dagy yhlas edýärler. Ady agzalan göreldeli mugallymlar çagalaryň geljekde ussat bagşy-sazanda bolup ýetişmekleri ugrunda irginsiz zähmet çekýärler. Mekdebiň müdiri Gurbangeldi Annalyýew bagtyýar zamanamyzyň bagtly çagalarynyň aýdym-saz älemine bolan höwesleriniň uly üstünliklere ýetmegi üçin yhlas edýär.
Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň bilimden paýly, sowatly, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli bolmagy ugrunda irginsiz aladalanýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Alyp barýan beýik başlangyçlary mundan beýläk-de rowaçly ýyllarda üstünliklere beslensin!

Maýa DAŇATAROWA.
SURATDA: çagalar sungat mekdebiniň “Syrly mukam” saz toparynyň çykyşlaryndan pursat.
Surata düşüren Çary AMANGELDIÝEW.