GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
01.12.2020
Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
Sizi Halkara Bitaraplyk güni, şeýle hem Bütindünýä ähmiýetli waka bolan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Bitaraplyk biziň dünýä halklaryny beýik maksatlara birleşdirýän, parahatçylygy hem-de dostlugy dabaralandyrýan ýörelgämizdir. Biziň Bitaraplyk syýasatymyz döwletimiziň halkara derejedäki abraýyny has-da pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, eziz Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygyny şanly wakalar, ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen garşy alýarys. Bu şanly baýram mynasybetli Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarymyzda döwrebap ýaşaýyş toplumlaryny we önümçilik kärhanalaryny dabaraly açýarys. Milli ykdysadyýetimizde gazanan uly üstünliklerimize bagyşlanan sergileri, ylmy-amaly maslahatlary, medeni-jemgyýetçilik dabaralaryny geçirýäris. Munuň özi mähriban halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da pugtalandyrýar, abadan we bagtyýar durmuşyň hatyrasyna täze üstünlikleri gazanmaga hem-de belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar.
Mundan ýigrimi bäş ýyl ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan taryhy Rezolýusiýanyň kabul edilmegi bilen biziň ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Garaşsyz döwletimiz şeýle belent hukuk ýagdaýyna eýe bolan ilkinji günlerinden bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda halkara bileleşigiň tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldaýan, jebisleşdirýän we utgaşdyrýan öňdengörüjilikli hem-de maksada okgunly daşary syýasat ýoluny saýlap aldy. Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşen Türkmenistan gysga taryhy döwürde dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmak, halkara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze netijeli ýollaryny we ugurlaryny kemala getirmek babatda gymmatly tejribeleri toplady.
Eziz halkym!
Abraýly halkara gurama tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz biziň beýik gymmatlygymyzdyr. Bitaraplyk parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr. Şoňa görä-de, biz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplygymyzyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, dünýä döwletleri, şol sanda abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldýäris. 2017-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýany kabul etmegi hem Garaşsyz ýurdumyzyň Bitaraplygynyň dünýä üçin nusgalykdygyny ykrar edýär.
Biz «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyza laýyklykda, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny mundan beýläk-de artdyrmaga uly üns berýäris. Halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini, iň öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny, iri senagat-önümçilik kärhanalaryny, medeni-durmuş maksatly binalary, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, täze obalarydyr şäherçeleri gurup, ulanmaga berýäris.
Mähriban halkym!
Biziň Bitaraplygymyzyň esasy maksady halkara borçnamalara hem-de halkara hukugyň kadalaryna berk we gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini parahat durmuşyň we döredijilikli ösüşiň hatyrasyna gönükdirmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, Ýuwaş umman we Aziýa sebitleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika ýurtlary bilen dürli ugurlarda — syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris.
Biziň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, howanyň üýtgemegi netijesinde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly tekliplerimiz, daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek ugrundaky başlangyçlarymyz dünýäde giň goldawa mynasyp bolýar. Bu ugurda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy hem dünýä bileleşiginiň biziň parahatçylyk söýüji syýasatymyzy ykrar edýändigine ýene-de bir gezek aýdyň şaýatlyk edýär.
Geljekde hem içeri we daşary syýasatymyzda hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämize, bar bolan mümkinçiliklerimize esaslanyp, biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwreris.
Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
Sizi Halkara Bitaraplyk güni hem-de taryhy ähmiýetli waka — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.