Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Suratda saklanan ýatlamalar

06.08.2021

Geçen asyryň segseninji ýyllarynyň başlaryndan etrap gazetleri täzeden çykarylyp başlanyldy. Olar tä müň dokuz ýüz togsan dördünji ýylyň tomsuna çenli çap edildi. Maňa hem nesibäm çekip “Murgap” etrap gazetiniň redaksiýasynda on bäş ýyla basalykly dürli wezipelerde işlemek miýesser etdi. Şol ýyllarda etrabyň çäginde geçirilen dürli dabaralara, çärelere gatnaşdym, ýurdumyzyň öz döwrüniň belli ýazyjy- -şahyrlary, medeniýet işgärleri, alymlary bilen tanyşmaga, söhbetdeş bolmaga mümkinçilikler döredi. Redaksiýada işlän ýyllarymdan ýadygärlik galan suratlary, golýazmalary mahal-mahal gözden geçirýärin hem-de häzirki wagtda köpüsi aramyzda ýok şol halypalar barada ýagşy ýatlamalary aňymda aýlaýaryn. Bilim işgäri hökmünde ýaşlaryň arasynda alnyp barylýan wagyz işlerinde, döredijilik duşuşyklarynda çykyş edenimde hem şol ýatlamalara salgylanýaryn.
“Maru — şahu jahan” gazetiniň okyjylaryna hödürleýän şu suratymyzyň hem “Murgap” etrap gazetiniň suratçy habarçysy Abdysetdar Amanmyradow tarapyndan düşürilenine 40 ýyla basalykly wagt geçipdir. Şol döwürde öz dogduk mekanynda — Murgap etrabynyň Şordepe obasynda her ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň halk şahyry Ata Salyhyň şygryýet güni geçirilýärdi. Şu surat hem şol çäreleriň birinde, ýagny, 1981-nji ýylyň 15-nji maýynda düşürilipdir. Suratda ortada halk şahyry Ata Salyh baradaky bir täsirli ýatlama hakynda pikir alşyp duranlar şahyr, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa bilen ýazyjy Aleksandr Aborskiý, beýlekilerem çepden saga şahyr Annamuhammet Nutyýew, Ata Salyhyň inisi, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Kaka Salyh, ýaş şahyr Oguljemal Şemmiýewa, ýazyjy Amannazar Aşyr, Ata Salyhyň uly ogly, şahyryň ylmy kätibi Saparmyrat Salyhow, Murgap etrabynyň şol wagtky “Leningrad” kolhozynyň başlygy Gurban Muhammedow, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşut Şamyýew, partiýa işgäri Muhammet Gurbanow bolmaly.
Şygryýet gününe gatnaşýan adamlar Ata Salyhyň obadaky edebi-memorial muzeýine aýlanyp, şahyr baradaky ýatlamalaryny goýupdyrlar. Obanyň golaýyndaky Söýlibibi gonamçylygyna baryp, şahyryň ýagty ýadygärligini hormatlapdyrlar. Oba adamlarynyň, mekdep okuwçylarynyň arasynda çykyş edip, halk şahyryny ýagşylykda ýatlapdyrlar.

Annamyrat HOTJYÝEW.
Bilim işgäri, žurnalist.