Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Wagyz - nesihat çäreleri

06.08.2021

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmekde degerli işler alnyp barylýar. Şol işler wagyz-nesihat çärelerini güýçlendirip, olaryň täsirliligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Golaýda welaýat kitaphanasynda guralan “Halallyk — bagtly durmuş” atly wagyz-nesihat çäresi hem ýokarda ýatlanan wezipeleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirildi.
Bu çäräni TKA-nyň welaýat birleşmesi welaýat kitaphanasy bilen bilelikde gurady. Oňa kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat, şäher, etrap birleşmeleriniň ýolbaşçylary, jogapkär işgärleri, işjeň agzalary hem-de welaýat kitaphanasynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň lukmany Tawus Hojanyýazowa, welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Akmaral Sammyýewa, TKA-nyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy Gurbanmuhammet Babaýew, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi Toýly Garýagdyýew çykyş etdiler. Olar milli Liderimiziň beren tabşyryklaryndan ugur alyp, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini, arassaçylygy, edep-terbiýäni, nesil terbiýesini, milli däp-dessurlarymyzy, gelin-gyzlaryň arasynda ahlak arassalygyny wagyz etmekde alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem ýokanç kesellere garşy göreşi güýçlendirmek bilen bagly geçirilýän çärelere ýygnananlaryň ünsüni çekdiler.

B. MERGENOW.
SURATDA: wagyz-nesihat çäresinden pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.