Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Il saglygy — ýurt baýlygy

04.08.2021

Tagtabazar etrabynyň Saryýazy geňeşliginiň oba saglyk merkeziniň lukmanlarydyr şepagat uýalary ynsan saglygyny goramakda yhlasly zähmet çekýärler. Taňryguly Berekedow 35 ýyl iş tejribesiniň 20 ýylyny oba saglyk merkezine ýolbaşçylyk edýär. Iş tejribesi ýetik lukman ýolbaşçylyk edýän merkeziniň agzybir işgärlerine degişli maslahatlary berýär.
Oba saglyk merkezinde 3 sany maşgala meýdançasy bolup, ol ýerde lukmanlardyr şepagat uýalarynyň ynsan saglygy hakda uly aladalanýandyklaryny iş ýüzünde subut edýärler. Olar näsaglary hoş söz, ýyly mähir bilen garşylap, olara degerli maslahatlary berýärler. Şeýle hem olar özlerine degişli maşgalalara baryp, adamlaryň öýden çykanlarynda agyz-burun örtügini dakynyp, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeklerini, öýlerinde ýygy-ýygydan üzärlik tütedip durmaklaryny ýatladýarlar.

SURATDA: Taňryguly Berekedow işgärler bilen özara pikir alyşýar.
Surata düşüren Çary AMANGELDIÝEW.