“Ýaňlan, Diýarym! — 2021”
04.08.2021
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ösüp-özgerýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bagtyýar halkynyň garşy alýan her bir nurana güni toýlara, şanly wakalara beslenýär. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda medeniýet ulgamy hem günsaýyn kämilleşip, medeniýetimiziň dünýädäki abraý-mertebesi barha belende galýar. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, parasatly syýasatyndan badalga alýan milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň belent derejelere ýetmegi bizi — bagtyýarlygyň hözirini görüp ýaşaýan türkmenistanlylary begendirýär, buýsandyrýar.
Milli medeniýetimiziň bir şahasy bolan aýdym-saz sungatymyzdaky gazanylýan üstünlikler hem halkymyzyň ruhy dünýäsiniň barha kämilleşmegine uly itergi berýär. Şeýle bolansoň, medeniýetimiziň hak howandary Arkadag Prezidentimiziň zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda öňe sürýän halypa-şägirtlik ýoly giň gerime eýe boldy. Bu işler bolsa “Medeniýet halkyň kalbydyr” diýýän Gahryman Arkadagymyzyň medeniýetimiziň has-da ösüp, täze belentliklere çykmagyny hemişe üns merkezinde saklaýandygyna şaýatlyk edýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzda medeniýetimiz bilen baglanyşykly geçirilýän dürli bäsleşikleri mysal getirmek bolar. Has dogrusy, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň her ýylda geçirilip, indi asylly däbe öwrülmegi ýokarda aýdanlarymyza doly kepil geçýär.
Golaýda Mary şäheriniň görküne görk goşýan, toý röwüşde bezelen “Bagtyýarlyk” seýilgähi köp adamly boldy. Seýilgähiň dabaralar meýdançasynyň ýokary derejede bezelmegi bu ýere gelen ildeşlerimizde we myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Seýilgähiň dabaralar meýdançasynyň dürli reňklerdäki yşyklar bilen bezelen sahnasynda “Ýaňlan, Diýarym! — 2021” telebäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Köňülleri ganatlandyryjy şatlyk-şowhuna beslenen bu bäsleşige etrapdyr şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan zehinli aýdymçylar gatnaşdylar. Bäsleşik şowhunly hem çekeleşikli boldy. Sebäbi, her bir höwesjeň aýdymçy ýeňiji bolmak maksady bilen örän taýýarlykly gelipdir. Ýokary ruhubelentlik bilen aýdylan aýdymlaryň mukaddes Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, päk söýgini wasp etmegi bäsleşigiň täsirliligini has-da artdyrdy. Şeýlelikde, kalplara ruhy lezzet beren, köňüllere joşgun çaýan bu bäsleşikde emin agzalarynyň çykaran netijesine laýyklykda Mary etrabynyň medeniýet merkeziniň zehinli aýdymçysy Bägül Ataýewanyň “Torgaýguşlar”, Tagtabazar etrap medeniýet merkeziniň zehinli aýdymçysy Agaýusup Akmyradowyň “Ogulbeg” atly halk aýdymlaryna ýokary baha berlip, olar ýeňiji diýlip yglan edildi. Şeýlelikde, ýeňijiler Bägül Ataýewa, Agaýusup Akmyradow “Ýaňlan, Diýarym! — 2021” telebäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Annageldi KÄLLIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: «Ýaňlan, Diýarym! — 2021” telebäsleşiginiň welaýat tapgyryndan pursat.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.