Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Wagyz - nesihat çäreleri

02.08.2021

Ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan degişli edaralaryň we döwletimiziň her bir raýatynyň öňünde goýlan möhüm wezipedir. Hormatly Prezidentimiz bu barada: “Tebigat baradaky alada ähli halkyň aladasydyr we Türkmenistanyň her bir ýaşaýjysy tebigy baýlyklarymyzy gözüniň göreji deýin gorap saklamalydyr” diýip belleýär.
Golaýda, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň ýolbaşçy edarasynyň we welaýat bölüminiň guramagynda “Tebigy betbagtçylygyň öňüni almak we wagyz-nesihat işlerini ilat arasynda güýçlendirmek” atly mowzukda «tegelek stoluň» başynda okuw-maslahat geçirildi. Daşky gurşawy gorap saklamak, tebigy baýlyklarymyzy artdyrmak, ýurdumyzyň gülläp ösmegi we ýaş nesillerimiziň ýagty geljegi üçin olary rejeli peýdalanmak şu günki alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasyny düzýändigi barada, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň ýolbaşçy edarasynyň başlygy Serdar Allekow, bölüm müdiri Merdan Arazmedow, welaýat bölüminiň başlygy Babamyrat Atamyradow, welaýat bölüminiň hünärmeni Maýagözel Ýakubowa, TDEI-niň uly mugallymy, Tebigaty goramak jemgyýetiniň işjeň agzasy Maksatberdi Annaýew, welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň wekilleri, içerki gullugyň kapitany Maksatmyrat Oraznepesow, uly leýtenanty Wepa Açylow, welaýat daşky gurşawy goramak müdirliginiň bölüm başlygy Çarymyrat Hömmekow öz çykyşlarynda nygtap geçdiler. Maslahatyň dowamynda sorag-jogaplar alşylyp, wideo görnüşleriň, wagyz ediji häsiýetli diwarlyklaryň, senenamalaryň görkezilmegi bu çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. Maslahatda ýurdumyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdyldy.

Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: çäreden iş pursaty.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.