Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy
02.08.2021
Halkymyz ene topraga ekleýjisi hökmünde garaýar. Hakykatdan-da, ýere maňlaý deriňi döküp, yhlasyňy näçe siňdirseň ol hem berekedini bolluk bilen eçilýär. Munuň şeýledigini tejribeli ýer eýeleri göre-göre gelýär.
Biziň welaýatymyzda topragyň diline düşünip, ýerden bitginli hasyl almagy başarýan daýhanlaryň ençemesi bar. Olaryň hatarynda Türkmengala etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Şemşat Täçmyradowanyň adyny agzamak bolar. Golaýda biz döredijilik toparymyz bilen ady agzalan kärendeçi Şemşat Täçmyradowanyň meýdanda alyp barýan iş pursaty bilen gyzyklanyp, onuň kärende ýerinde bolduk. Şol wagt TAP-nyň etrap komitetiniň hünärmeni Şageldi Gurbanow hem armasyny ýetirmek maksady bilen kärendeçiniň ekin meýdanyna gelipdir. Ol Şemşadyň her ýyl bellenilen şertnamasyny doly ýerine ýetirip, Watan harmanyna hasyl tabşyrmakda etrapda ilkinjileriň hatarynda barýandygyny gürrüň berýär. Dogrudan-da kärendeçi zenanyň ýaşyl öwsüp oturan gowaçaly meýdanyny synlanyňda onuň ýaşdygyna garamazdan, bu ugurdan tejribesiniň ýetikdigine göz ýetirýärsiň. Ş. Täçmyradowa esasan az ýerden bol hasyl almagy maksat edinip, 0,80 gektar ýere eýelik edýär. Şemşat ekinde alnyp barylýan her bir işde kakasy Täçmyrat Kömekowy halypa tutunyp, onuň iş tejribesini doly ele alýar. Biz Şemşatdan ýerden girdejili hasyl almagyň syry nämede diýip soranymyzda ol:
— Ilki bilen-ä, bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda biz — daýhanlara toprakdan bol hasyl almak üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini belläsim gelýär. Berilýän eşretlerden ruhlanyp işlemäge bolan höwesiň has-da artýar. Islendik işde bolşy ýaly, bu ugurda hem esasan käriňe bolan höwesiň gerek. Ekişi wagtynda, ýokary hilli geçirip, agrotehnikanyň talaplaryna görä idegini ýetirseň, göwün diýen netijäňi gazanyp bolýar. Biz şu günler maşgala agzalarymyz bilen bile gowaçalaryň uçlaryny çyrpýarys — diýip gürrüň berdi.
Görşümiz ýaly, eýesi ekin içinde bolan gowaça hatarlarynyň ösüp, boý alşy-da üýtgeşik. Döküni, suwy, idegi ýetik ekinler kärendeçi zenana ýeňişli sepgidi eýelemäge uly ynam döredýär.
D. ORAZGELDIÝEWA.
SURATDA: iş pursatynda.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.