Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

29.07.2021

Ak altyna deňelýän pagta dokma senagatynyň çig maly bolup, ol gymmatly baýlyk hasaplanylýar. Halkymyzda «Ak altynym— — ak bagtym» diýilýär. Hakykatdan-da pagtadan öndürilýän önümler durmuşymyzda iň bir gerekli harytlaryň hatarynda durýar. Muňa oňat düşünýän welaýatymyzyň pagtaçy kärendeçileri kärende ýerlerinde pagtanyň bereketli hasylyny ýetişdirmäge çalyşýarlar.
Bu işde Türkmengala etrabynyň «Täze daýhan» daýhan birleşiginiň kärendeçileri hem ussatlyklaryny görkezýärler. Telekeçi Rejep Baýramowyň ýolbaşçylygynda daýhan birleşiginiň çäginde 330 gektar ýere gowaça ekildi. Ýerleriň öz wagtynda sürlüp, tekizlenilmegi, suwdan gowy gandyrylmagy, ekişiň ýokary hilli geçirilmegi netijesine gowy gögeriş alyndy. Endigan gögerip, hatar tutup oturan gowaçalardan göwni hoş Rejep Baýramow we onuň kömekçileri otag etmek, hatarara bejergi geçirmek, suw tutmak, iýmitlendirmek ýaly agrotehniki çäreleri hem wagtynda ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Şunlukda, gowaçanyň bereketli hasylynyň kemala getirilmegi ugrunda aladalanylýar. Rejep aga gök öwüsýän gowaçalary idetmekde kömekçileri ýakyn ýardam berýärler. Kömekçiler Çary Garaýew, Kakaguly Bekmyradow has tapawutlanyp zähmet çekýärler. Ir ertirden giç agşama çenli howanyň yssy günlerine garamazdan, meýdanda zähmet gaýnap joşýar.
Ýer eýeleriniň yhlasly zähmet çekmeginiň, ýokary hasyl almaga bolan höwesiniň artmagynyň aňyrsynda Gahryman Arkadagymyzyň daýhanlar barada edýän çäksiz aladalary durýar. Çünki, biziň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň saýasynda işläniň gadyry bilinýär, olara belent sarpa goýulýar.
Şu günlerde her bir zähmet ussady Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda uludan toýlanyljak mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna uly üstünlikler bilen barmagy maksat edinýär. Şoňa laýyklykda ýer eýeleri hem öz gezeginde milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan oba hojalygyna mynasyp goşantlaryny goşmaga çalyşýarlar.

Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: gowaçanyň ideginiň ýetirilýän pursaty.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.