Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

23.07.2021

Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda amala aşyrylýan işler oba zähmetkeşleriniň toprakdan bereketli hasyl almagyna gönükdirilendir. Ýer eýeleri ýokary hilli tohum, dökün, suw, döwrebap tehnikalar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanýan kärendeçiler bol hasyl ugrunda aladalanyp, obasenagat toplumynyň ösüşine mynasyp goşant goşmaga çalyşýarlar.
Wekilbazar etrabynyň “Goňur” daýhan birleşiginden Ýusup Babaýew birnäçe ýyl bäri ýer bilen iş salşyp, tejribe toplan kärendeçileriň biri. Ol özüne berkidilen kärende ýerine bugdaýdyr pagta ekip, bellenilen şertnamany her ýyl ýerine ýetirmegi başarýar. Ýusup aga kärdeşleri “halypa” diýip ýüzlenýärler. Munuňam özüne ýetik sebäbi bar. Ý. Babaýew daýhançylygyň inçe syrlaryny doly ele alyp, kärdeşlerine görelde bolýar, degerli maslahatlaryny berýär. Bereketli hasyl almakda ekinden öň nähili işleri etmelidigini, ekini näwagt ekmelidigini, idegini nähili ýetirmelidigini bilmek esasy mesele bolup durýar. Bu babatynda hem ýaş kärendeçiler, köplenç, Ýusup aga ýüz tutýarlar. Kärdeşleri: “Onuň bilen gürrüňdeş bolsaň, gürrüňiň yzy ekine, topraga ýazanyny hem duýmaýarsyň” diýip, gürrüň berýärler.
Ýusup Babaýew 2018-nji ýylyň güýzünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ýer eýelerine 99 ýyllyk möhlet bilen ýerleri peýdalanmaga bermek baradaky Kararyna esaslanyp, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda 278 gektar ýeri kärendesine aldy. Tejribeli kärendeçi alan ýeriniň 116,5 gektaryna gowaça ekip, agrotehnikanyň talaplaryna görä idegini ýetirýär. Oňa bu işde ýanýoldaşy Mähri gelneje, çagalary we kömekçileri ýakyndan ýardam berýärler. Tehnika bilen ýerine ýetirilýän işlerde — hatarara bejergi geçirmekde, iýmitlendirmekde etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatorlary Maksat Amandurdyýew, Şamuhammet Atahanow uly goldaw berýärler. 6 gektar ýerde aralyk ekin bolan gant şugundyrynyň ekişini geçirip, idegini ýetirýär. 0,5 gektar ýerde bolsa miweli baglaryň dürli görnüşlerini oturtdy. Armany, ýadamany bilmeýän halypa kärendeçi özüniň kömekçileri bilen üstümizdäki ýylda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna zähmet üstünlikleri bilen barmagy maksat edinýär. Biz hem Ýusup Babaýewe işleriňiz rowaç bolsun diýýäris!

D. ORAZGELDIÝEWA.
SURATDA: Ýusup Babaýew gowaçaly meýdanda.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.