Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

GURBAN BAÝRAMYŇYZ GUTLY, SADAKALARYŇYZ KABUL BOLSUN!

23.07.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyz toý-baýramlaryň mekanyna öwrülýär. Ýurdumyzda toýlar goşa- -goşadan gelip, uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Milli Liderimiziň tagallalary bilen milli gymmatlyklarymyza, ýol-ýörelgelerimize, däp--dessurlarymyza aýratyn hormat-sarpa goýulýar.
Ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň, agzybirligiň baýramy bolan Gurban baýramy hem ýurdumyzda uludan bellenilýär. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan Gurban baýramy her bir ynsanyň kalbyna päklik bagyş edýär. Üç günläp bu bellenilýän bu baýramda gazanlar atarylyp, dürli tagamlar bilen bereketli saçaklar bezelýär. Öýke-kineler unudylyp, öýlerde sadakalar berlip, ýagşy dileg-dogalar edilýär.
Däp-dessurlara görä, ir säher bilen gurban şor edilýär. Şeýle edilmegi ynsanyň diňe bir bedenini tämizlemek bolman, eýsem, ol içki dünýäsini hem päkleýär diýlip düşünilýär.
Ruhy päkligiň baýramynda täze egin-eşik geýlip ýagşy arzuwlar edilýär. Ýyllar boýy dowam edip gelýän bu baýramda uly-kiçi — hemme kişi lybasyny täzelemegi sogap hasaplaýar. Hiňňildikler guralyp, aýdym-sazlar belentden ýaňlandyrylyp, baýramçylygyň dabara-şowhuny has-da artdyrylýar.
Gurban baýramynda gurban beriljek malyň halal, arassa bolmagy hökmany hasaplanylýar.
Sahawatly türkmen topragymyzda baýram günlerinde gallaçy daýhanlaryň bugdaý harmanlaryny artygy bilen doldurmagy, ekerançylaryň gök-bakja önümleriniň, ak pagtanyň bereketli hasylyny ýetişdirmegi bereketli saçaklarymyzyň naz-nygmatdan doly bolmagyna getirýär. Munda zähmetsöýer daýhanlarymyzyň mynasyp paýy bardyr.
Gurban baýramynda halkymyzyň agzybirligini, ýurdumyzyň abadançylygyny, Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, halk bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini diläp, beren sadakalaryňyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Päkligiň we ynsanperwerligiň baýramy — Gurban baýramyňyz gutly bolsun!

Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».