Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Il saglygy — ýurt baýlygy

27.01.2021

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak hem-de dikeltmek ugrunda uly aladalar edilýär. Ähli amatlyklary bolan hassahanalardyr saglyk öýlerinde näsagyň sagdyn bolmagy ugrunda aladalanylyp, uly işler bitirilýär.
Ynsan saglygyny goramak hem-de ony dikeltmek ugrunda Tagtabazar etrap hassahanasynyň işgärlerem jan aýaman zähmet çekýärler. Etrap hassahanasynda irginsiz zähmet çekýän ginekolog lukmanlaryň biri hem Aýna Taganowadyr. Ol Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetini üstünlikli tamamlap, 2014-nji ýylda etrap hassahanasynyň maslahat beriş we keseli anyklaýyş bölüminde ginekolog lukman bolup işe başlaýar.
Uly ynam bildirilip, golaýda Aýna Taganowa çaga dogrulýan bölümiň müdiri wezipesine bellenildi. Ol bölümiň agzybir işgärleri bilen birlikde göwreli zenanlara yhlasly gözegçilik edip, olaryň saglyklaryny dikeltmek ugrunda irginsiz aladalanýar. Aýna lukman göwreli zenanlara dogry iýmitlenip, saglyklaryny goramagy, lukmanlar bilen ýakyndan gatnaşykda bolmagy maslahat berýär.
Akja bäbekleri dünýä indirmekde zenanlarymyzyň ýakyndan maslahatçysy hem-de ýardamçysy bolan lukmanlardyr göbegeneler köpüň alkyşyna mynasyp bolýarlar. Şeýle mylaýym, zähmetsöýer, göreldeli göbegeneleriň biri hem Ýagşylyk Kömekowadyr. Ol bu kärinde 25 ýyldan bäri yhlasly zähmet çekýär. Täze dünýä inen çaganyň hem-de enäniň saglygyny goramak işinde ol Aýna lukman bilen bilelikde gije-gündiz aladalanyp, uly abraýa eýe bolýar.

Akmaýa HOJANYÝAZOWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: ginekolog lukman Aýna Taganowanyň göbegene Ýagşylyk Kömekowa bilen dünýä inen gyzjagazyň saglygyny barlap, gundap duran pursaty.
Surata düşüren Çary AMANGELDIÝEW.