Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Ussat hakynda söz

23.07.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda medeniýetimiz gülläp ösýär. Türkmen halkynyň milli medeniýetiniň kämilleşmegi, onuň pajarlap ösmegi köp babatda medeniýet we sungat işgärleriniň, döredijilik adamlarynyň paýyna düşýär. Bu babatda sungat adamlaryna döretmek, zähmet çekmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň özi hem medeniýet, sungat işgärlerine şygyr ýazmakda, aýdym aýdyp, saz çalmakda nusgalyk görelde görkezýär. Sungat işgärleri hem milli Liderimiziň göreldesine eýerip, döredilýän eşretlerden ruhlanyp, döwrüň owazyna ses goşup, päk ýürekden zähmet çekýärler. Özüniň ajaýyp aýdymlary bilen göwünleri galkyndyryp bilýän ussat bagşylaryň biri hem Goçmyrat Salyhowdyr.
Goçmyrat Salyhow Murgap etrabynyň Şordepe obasynda 1951-nji ýylda dünýä inýär. Olar maşgalada sekiz dogan bolup, Goçmyrat aga olaryň iň ulularydyr. Ol 1965-nji ýylda Şordepe obasynda ýerleşýän sekizýyllyk oba mekdebini tamamlap, etrabyň 12-nji orta mekdebinde okuwyny dowam etdirýär. Şeýlelikde, 1967-nji ýylda on ýyllyk orta bilim berýän mekdebi tamamlaýar.
Her bir adamda tebigy zehin bolşy ýaly, Goçmyrat Salyhowyň hem aýratyn zehini bar. Goçmyrat agada aýdym--saza bolan tebigy zehin çagalygyndan başlaýar. Öz oglunyň bu ugurda höwesiniň barlygyny duýan Mommat Salyh onuň geljekde sungat adamsy bolup ýetişmegi üçin alada edip başlaýar. Mommat Salyhyň özi hem Watan öňünde uly işleri bitirip, birnäçe döwlet sylaglaryna mynasyp bolan, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan adam. Ol ogly Goçmyrat Salyhowa dutar saz guralyny çalyp, dutara goşup aýdym aýtmagy öwredýär. Aýdym-saza berlen Goçmyrat bagşy diňe dutar çalmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň daşyndan başga-da birnäçe saz gurallaryna erk etmegi başarýar. Ol entek okuwçy döwürleri mekdepde ýörite taýýarlanýan aýdym-saz gurnaklaryna gatnaşyp, rubap, tüýdük, akkordeon, tar ýaly saz gurallaryny çalmagy öwrenýär. Goçmyrat bagşynyň mekdep döwürleri sungat ýoluna äden ädimleri, şeýle hem sungat äleminde yz goýan ussat halypalaryň aýdym-sazlaryny diňläp, olary öwrenmegi onuň has-da kämilleşmegine getirdi. Şeýlelikde, Goçmyrat halypa ençeme toýlaryň bezegine öwrüldi.
Tebigy zehinli Goçmyrat aga 1971 — 1973-nji ýyllarda Watan öňündäki gulluk borjuny tamamlap geleninden soňra, oba medeniýet öýünde işe başlaýar. Dutar owazy bilen köpleriň söýgüsini gazanan Goçmyrat bagşy döreden aýdym-sazlary bilen il içinde meşhurlyga eýe bolýar. Ol aýdym-saz dünýäsiniň ynsana täsiriniň ýokarydygyna, saýlap alan hünäriniň talabynyň güýçlüdigine medeniýet öýünde işe başlanyndan soň has aýdyň göz ýetirýär. Täze sazlary döretmek üçin, ilki bilen saz gurallaryndan gowy başyň çykýan bolmaly. Saz döredeniňde döredýän sazyň manysyna görä, diňleýjini begendirip, şatlandyryp, gaýgy-gama batyryp bilýän bolmaly. Bu zatlara gowy düşünýän Goçmyrat aga her bir döredýän aýdym-sazlarynyň şowly çykmagy üçin birnäçe gezek çaý sowatmaly bolýar. Şeýlelikde, çekýän yhlasyna görä, alyp barýan işi şowly netijesini hem görýär. Ol aýdym-sazdan daşary şygyr ýazmak bilen hem meşgul bolýar. Onuň «Ogul beräý, Hudaýym», «Döwrüň ajap aýdymy», «Aýrylyp», «Adamzat», «Öwüt», «Enem», «Nesihat» ýaly şygyrlary aýdyma öwrülip, köpleriň söýgüsini gazandy. Şeýle hem Goçmyrat bagşy Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň, Zeliliniň, Keminäniň, Andalybyň, Gara şahyryň we beýleki nusgawy şahyrlaryň goşgularyny saza goşup aýtmagy ussatlyk bilen başarýar. «Şasenem-Garyp», «Gül-Bilbil», «Zöhre-Tahyr» dessanlaryndan ençeme parçalary, «Göroglydan» birnäçe şahalary saza goşup, ýatdan aýdýar. Mundan başga-da Türkmenistanyň halk şahyry Ata Salyhyň goşgularyny hem il içinde aýdym edip halka ýetirýär we köpçüligiň söýgüsine mynasyp bolýar.
— Bagtyýarlyk döwrümizde ähli eşretleriň döredilýän zamanasynda ýüregiň Watana, mähriban Arkadagymyza söýgüden püre-pürkä goşgy goşup, saz ýazmazlyk, aýdym aýtmazlyk mümkin däl. Döredýän sungat eserlerimizi diňleýjiniň gowy kabul etmegi biziň çekýän zähmetimiziň ýerine düşýänligidir — diýip, Goçmyrat aga gürrüň berýär.
Goçmyrat aga ýaşynyň gartaşanlygyna garamazdan şirin labyzly sesi bilen häzirlerem toý-baýramlarymyzyň bezegi bolup, onuň şowhunynyň artmagyna mynasyp goşandyny goşýar. Halkymyza bagtyýar günleri peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, alyp barýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuwlaýan Goçmyrat Salyha sungat äleminde mundan beýläk hem halkyň söýgüsini gazanyp, toý-baýramlarymyzyň bezegi bolmagyny arzuwlaýarys.

Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: ussat bagşy Goçmyrat Salyhow.