Il saglygy — ýurt baýlygy
23.07.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ata Watanymyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda saglyk ulgamynda hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Döwrebap hassahanalardyr saglyk öýleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Olarda ýerleşdirilen ýokary hilli lukmançylyk enjamlary bolsa, geçirilýän barlaglaryň netijeli bolmagyna ýardam edýär.
Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Tagtabazar etrap hassahanasynyň Marçak geňeşliginde ýerleşýän oba saglyk merkeziniň müdiri Allamyrat Mahmudowyň ýolbaşçylygynda zähmetsöýer lukmanlar ata Watanymyzda ynsan saglygyny goramak işine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar raýatlara şu günüň talabyna eýerip, ak ýürekden hyzmat edýärler.
Bu ýerde 5 sany maşgala meýdançasy bolup, 1-nji maşgala meýdançasyna maşgala feldşeri Orazgeldi Mahmudow, şepagat uýasy Sona Ýazmuhammedowa, 2-nji maşgala meýdançasyna maşgala lukmany Aýsere Aşyrowa, şepagat dogany Haýytmyrat Aşyrow, 3-nji maşgala meýdançasyna maşgala lukmany Sähetmyrat Annaýew, şepagat uýasy Baýramgül Annaýewa, 4-nji maşgala meýdançasyna maşgala lukmany Oguljennet Geldiýewa, şepagat uýasy Akbike Garlyýewa, şepagat dogany Agajuma Döwletow, 5-nji maşgala meýdançasyna maşgala lukmany Allamyrat Mahmudow, şepagat uýasy Altyn Agamyradowa hyzmat edip, oba adamlary bilen ýakyn aragatnaşykda bolýarlar. Olar ýüz tutup gelýän raýatlaryň saglyklaryny dikeltmek üçin näsaglara wagtly-wagtynda barlag we sanjym işlerini geçirýärler.
Saglyk merkeziniň lukmanlarydyr şepagat uýalary, şepagat doganlary oba adamlaryna sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek bilen kadaly iýmitlenmegi, säheriň arassa howasynda gezim etmegi, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, saglyklaryny berkitmegi maslahat berýärler. Raýatlar özleriniň saglyklary barada yzygiderli aladalanýan oba saglyk merkeziniň lukmanlaryna hoşallyklaryny bildirýärler.
Hassahananyň iş tejribesi ýetik lukmanlary özlerine degişli maşgala meýdançasynyň raýatlaryna häzirki wagtda ýokanç keselleriň öňüni almak üçin, agyz-burun örtüklerini dakynmagy, 2 metr aralygy saklamagy, şahsy gigiýenanyň talaplaryny berk berjaý etmegi ýatladyp durýarlar. Şeýle hem tomus paslynyň dowam edýän şu günlerinde Günden goranmagyň düzgünleri barada wagyz-nesihat edýärler.
Akmaýa HOJANYÝAZOWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: oba saglyk merkeziniň tejribeli lukmany Aýsere Aşyrowa iş wagtynda.
Surata düşüren Çary AMANGELDIÝEW.