Hoş geldiň ilime, Gurban baýramy!
20.07.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ähli ugurlar boýunça ösýär, özgerýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda jemgyýetimizde ruhy gymmatlyklarymyzyň sarpasyny belende götermekde, milli buýsanjy terbiýelemekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geçmişdäki mirasymyza gaýdyp gelmegimize mümkinçilik döredildi. Her bir halkyň öz däp-dessuryndan, edim-gylymyndan gözbaş alýan özboluşly baýramy bolýar. Türkmen halkynyň milli baýramlarynyň biri hem Gurban baýramydyr. Bu baýram musulman ýurtlarynyň ählisinde giňden bellenip geçilýär. Bu baýramda janly soýlüp, gurbanlyk edilip, sadaka berilýär, dogan-garyndaşlar, goňşy-golam çagyrylyp, giňden saçak ýazylyp bellenilýär. Halk arasynda «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýen aýtgy bar. Mümkinçiligi bolman Gurbanlygyň amallaryny ýerine ýetirip bilmedikler ruhdan düşmän, niýetini päk tutup, adama ýagşylyk etmegiň arzuwynda bolmaly.
Rowaýatlaryň birinde bir kişi sözi azaşan iki sany adamy öýüne çagyryp, bir janlyny gurban edip, nahar-şor bişirip, saçak başynda ýaňky ikisini ýaraşdyryp gurbanlyk edipdir. Muhammet pygamber ol kişä hoşallygyny bildirip, sogap iş edendigini aýdypdyr. Diýmek, külli musulman baýramy bolan mübärek Gurban baýramy haýyr-sahawatyň, birek-birege hormat goýmagyň, ynsanpewerligiň, dost-doganlygyň, goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, hoşniýetliligiň baýramydyr. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda mukaddes Gurban baýramy has--da döwrebap öwüşgünlere eýe boldy. Ruhy tämizligiň, arassa ahlagyň hem-de agzybirligiň ajaýyp sypatlaryny özünde jemleýän bu baýram halkymyzyň arasynda üç günläp dowam edýär.
Bu mukaddes baýramyň özboluşly däbine eýerip, ýaş oglan-gyzlar hiňňildik uçýarlar. Dili senaly, ak sakgally ýaşulularymyz, kümüş saçly enelerimiz bolsa, asuda Watanymyz, bagtyýar il-günümiz üçin doga-dileg edýärler.
Goý, Gurban baýramynda beren sadakalaryňyz, eden ýagşy arzuw-dilegleriňiz kabul bolsun!
Gadam ATAJANOW.
Welaýatyň baş ymamy.