Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

19.07.2021

Gülläp ösüşleriň ýurdy bolan ata Watanymyzda ähli ulgamlarda bolşy ýaly, oba hojalygynda-da durmuşa geçirilýän işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu pudakda zähmet çekýän her bir oba hojalyk işgäri döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, Diýarymyzyň ösüşine öz goşandyny goşmaga çalyşýar.
Şu günler dokma senagatynyň çig maly bolan pagtanyň bereketli hasylyny ýetişdirmek boýunça kärendeçiler meýdanda agrotehnikanyň talaplaryna görä yhlasly zähmet çekýärler.
Zähmetsöýerligi bilen tapawutlanýan kärendeçileriň biri hem Sakarçäge etrabynyň «Gyzylgum» daýhan birleşiginden Arslan Taganowdyr. Ol özüniň ýaşlygyna garamazdan, tejribeli kärendeçileriň, hojalygyň hünärmenleriniň berýän maslahatlaryna eýerip, işjanlylygy bilen ýylyň-ýylyna Watan harmanyna ýokary hasyl tabşyrýar. Şeýlelikde, üstünlige halal zähmeti bilen ýetmegi başarýan kärendeçi Watanymyzyň ykdysady ösüşiniň ýokarlanmagyna mynasyp goşandyny goşýar.
A. Taganow Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda eýelik edýän 3 gektar kärende ýerinde pagtanyň otamak, hatarara bejergi, iýmitlendiriş işlerini agrotehnikanyň talaplaryna görä ýerine ýetirýär. Ol ene topraga nähili yhlasyňy siňdirseň şoňa görä, netijesini görýändiňe örän oňat düşünýär. Şeýle bolansoň işine yhlasly ýapyşýan kärendeçi bitginli hasyl almak üçin ekişden öň aladasyny edip başlaýar. Sürüm, tekizleşik işlerini irgözünden taýýarlap, ekişi ilkinjileriň hatarynda geçirmegi başarýar. Häzirki wagtda onuň idegini ýetirýän gowaçalaryny göreniňde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna zähmet ýeňişleri bilen barjakdygyna ynamyň artýar.

Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: kärendeçi Arslan Taganow gowaça meýdanynda.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.