Il saglygy — ýurt baýlygy
15.07.2021
Gün-günden pajarlap ösýän ata Watanymyzda saglygy goraýyş ulgamynda hem beýik sepgitlere ýetilýär. Biziň asuda, parahat ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde halkyň, ilkinji nobatda, ýaş nesliň saglygyny goramakda işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Güneşli Diýarymyzyň ähli ýerlerinde kaşaň binaly hassahanalar, saglyk öýleri, anyklaýyş merkezleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Şäherimize görk berip duran kaşaň binaly hassahanalaryň biri-de welaýat çagalar hassahanasydyr.
Welaýat çagalar hassahanasy döwrebap, ýokary hilli enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, her bir näsagyň bolýan otagynda amatly şertler döredilipdir. Bu ýerde işine ezber lukmanlar dertden ejir çekip gelýän näsaglary gyzgyn mähir bilen gurşap, olaryň tizden-tiz sagalyp gitmegi ugrunda yzygiderli aladalanýarlar. Şeýle lukmanlaryň biri hem Begenç Orazowdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, il alkyşyna mynasyp bolýan, eli ýeňil ýaş trawmatolog-ortoped lukman Begenç Orazowyň yhlasly zähmeti ýerine düşýär. Begenç lukman işdeşleriniň arasynda uly abraýdan peýdalanyp, her bir çaganyň derdinden gutulyp, ene gujagynda ýylgyryp oturmagyny gazanýar.
Süýji dilli lukmanyň şypaly elinden şypa tapan çagalaryň biri-de, Mary etrabynyň Milli goşun geňeşliginiň ýaşaýjysy Gunça Orazowanyň gyzy Bahardyr. Ol çagalykdan bäri ejir çeken keselinden gutulyp, maşgalasyna gowuşdy. Bahar jigimiziň maşgalasy Begenç lukmana egsilmez alkyş aýdýar.
Hassahanada howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan berilýän hemaýat üçin Gunça Orazowa Arkadag Prezidentimize ene ýüreginden köp-köp sagbolsun aýdýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe howandarlyga mätäç çagalara hemaýat berýän Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Akmaýa HOJANYÝAZOWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: yhlasly lukman Begenç Orazow iş wagtynda.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.