Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Medeniýet hepdeliginden soňky oýlanmalar

08.07.2021

Beýik Arkadagdan ak pata alyp,
Äleme ýaň salýar türkmen owazy.
Köňüllerde aýdym bolup, saz bolup,
Äleme ýaň salýar türkmen owazy.

Sungat ussatlarnyň çuň sesi bilen,
Joş urýan ýürekleň höwesi bilen,
Eziz Arkadagyň paýhasy bilen,
Äleme ýaň salýar türkmen owazy.

Hawa, dogrudanam, bu günki günde beýik Arkadagyň pähim-paýhasy bilen bagty daş ýarýan türkmeniň köňül owazy, sungat senedi — edebiýaty, medeniýeti üýtgeşik bir jadylaýjy owaz bolup, älem-jahana ýaň salyp, ulus-illeri haýran galdyrýar.
Şöhrat saňa, aperin saňa, türkmen medeniýeti, türkmen sungaty! Sen mähriban Arkadagymyzyň bimöçber uly howandarlygy bilen ganatlanyp, türkmeni dünýä tanadýarsyň, al-asmanda ýaň bolup pel-pelläp, dünýäniň çar künjegine ýaýylyp, ýüreklere mähir, kalplara joşgun eçilip, ynsan ählini beýik ýaşaýşa — parahatçylykly hem--de dostana ýaşaýşa ruhlandyrýarsyň. Men munuň hut şeýledigine ýap-ýaňy tamamlanan Medeniýet hepdeligine gatnaşyp, onuň gyzgyn mährinden joş alyp, kärdeşlerim, bütin döredijilik işgärleri bilen joşup-gaýnap, dolup-daşyp, ýene bir gezek göz ýetirdim.
...Gije münen otlymyz bizi diňe bir Lebaba däl-de, eýsem, arzuwlaryň çür depesine alyp barýan kysmy gündogara tarap uly tizlik bilen süýnüp barýardy. Şol tizlik, şol hyjuw bilenem ol bizi gadymy Amul topragyna — Amyderýanyň boýlaryna ir säher bilen eltdi.
Gadymdan gelýän gürrüňe görä, Lebap — çörekli ýurt. Onuň bizi duz- -çörek, ýyly mähir, doganlyk buýsanjy bilen garşylaýşy hem şol gadymy jümläni subut etmäge çalyşýan ýalydy. Lebabyň adamlary aýratyn mähriban, belent adamkärçilikli, işeňňir, dosty dogan eýleýän, dogany bolsa, özüne öwürýän halk. Munuň hakykatdan hem şeýledigine bu ýerde bir hepdeläp, olaryň duz--çöregini iýip, aýdym-saz, goşgy-gazal, tans bilen çykyş edip, türkmen medeniýetine şugla çaýan günlerimizde aýratyn inçelik bilen duýduk.
Hepdeligiň açylan güni üýtgeşik dabara beslendi. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Ruhyýet köşgüniň öňündäki at gaýtarym bezemen meýdançany dolduran märekäniň keýpi çag, adamlar birek-biregi ajaýyp toý däbi — Medeniýet hepdeliginiň bu ýyl Lebap welaýatynda geçirilýän dabaralarynyň açylyşy bilen mähirli gutlaýarlar. Olaryň ýüzlerindäki şatlyk-şagalaň, bagtyýarlyk alamatlary bolsa, hormatly Prezidentimiziň öz halkyna peşgeş beren ajaýyp döwrüne çuňňur hoşallyk duýgusy bolup kalbyňa dolýar.
Ruhyýet köşgüniň öňündäki dabara ýurdumyzyň bäş welaýatyndan we gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinden gelen medeniýet, sungat, döredijilik işgärleri gatnaşdylar. Olar Gahryman Arkadagymyzyň Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagyny belent buýsanç hem guwanç duýgusy bilen diňlediler. Medeniýet ulgamynyň dürli ugurlaryna bagyşlanan ajaýyp sergi bolsa, hepdeligiň ilkinji gününe badalga bolmak bilen, köňülleri milli mirasymyza buýsanç duýgusyna besledi.
Hepdeligiň şondan soňky günleri, şol ajaýyp günleri bezän çäreleri biziň kalbymyza ajaýyp şygyr bolup ýazyldy.

Toý toýlaýar, joşýar türkmen dünýäsi,
Bu toý — halkyň toýy, bu bagtyň toýy.
Asudalyk, jebisligiň güwäsi,
Bu toý — halkyň toýy, bu bagtyň toýy.

Meň Diýarym jümmüşidir jennetiň,
Berer çyn sungaty dünýäň lezzetin,
Arşa çykdy medeniýetim, sungatym,
Bu toý — halkyň toýy, bu bagtyň toýy.

Döwranlar erteki, baharly-ýazly,
Kalby ylham, köňli aýdymly-sazly,
Arkadagly iller belent owazly,
Bu toý — halkyň toýy, bu bagtyň toýy.

Lebap topragynda guralan dürli mazmunly çykyşlar, duşuşyklar, çäreler, zyýaratlar hemmeleriň kalbyna ornandyr diýip pikir edýärin. Meniň özüm-ä, Medeniýet hepdeliginiň baý mazmunly çärelerine gatnaşmak, olarda çykyş etmek bilen, döredijilik gorumyň egsilmez ýollara düşýändigini aňlaýaryn. Maňa şeýle diýmäge, Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, Türkmenabat şäherindäki «Bitaraplyk» seýilgähindäki «Türkmeniň toý döwresi» meýdançasynda, Lebap welaýat kitaphanasynda, Farap etrabynda Medeniýet hepdeliginiň dowam edýän günlerinde açylan «Çagalar dünýäsi» medeni dynç-alyş merkezinde, Halaç etrabynyň Lamma obasyndaky Seýitnazar Seýdiniň ýadygärliginiň öňündäki meýdançada guralan dürli çäreler, Türkmenabadyň Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynda Türkmenistanyň Gahrymany, meşhur şahyr Gözel Şagulyýewa bilen bolan duşuşyk we beýleki ençeme çykyşlar esas döredýär.
Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Kerki şäherinde täze halkara howa menziliniň açylmagy bolsa, aýratyn şöhratly waka bolup, Medeniýet hepdeliginiň ähmiýetini belende göterdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Türkmenabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasyny dabaraly ýagdaýda açyp bermegi Medeniýet hepdeligine aýratyn röwüş çaýan şan-şöhratly wakalaryň biri boldy...
Ine, şeýle ajaýyp wakalaryň jümmüşinde bolmak bilen, biz tutuş bir hepdeläp edebiýat, medeniýet, sungat, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri hakynda buýsançly söhbet edip, çeper şygyrlary okamak, aýdym aýdyp, tans etmek, mahlasy, milli mirasymyzy wagyz etmek ýaly döredijilik mümkinçiliklerimizi açmak bilen, ylham gorumyzy baýlaşdyrdyk.
Lebap welaýatynda bolan dürli duşuşyklaryň, maslahatlaryň, çäreleriň içinde meni aýratyn tolgundyran wakalaryň biri Seýitnazar Seýdi adyndaky sazly-drama teatrynda sahnalaşdyrylan «Gül-Bilbil» operasynyň ilkinji görkezilişine tomaşa etmegimiz boldy. Bu ajaýyp opera aýdym-saz mugallymy hökmünde mende örän uly täsir galdyrdy. Onsoňam, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrow tarapyndan goýlan bu operany saz bilen bezän kompozitoryň meniň öňki mugallymym, Türkmenistanyň halk artisti Hudaýnazar Amangeldiýew bolup çykmagy mende has-da ýakymly täsir galdyrdy. Men mugallymymyzy ajaýyp operanyň ajaýyp saz bezegi bilen gutladym.
Kerki etrabynyň medeniýet öýünde guralan aýdym-sazly duşuşyk hem meniň üçin ýatda galarlykly boldy. Men bu ýerde kärdeşlerim — döredijilik işgärleri bilen goşgy okap, çykyş etmek bilen çäklenmedim. Kalbym joşdu-da, şol joşguna eýerip, fortepiýanonyň öňüne geçip, sazyny hem özüm çalyp, «Daň şemaly» atly aýdyma hiňlenip goýberdim. Şowhunly elçarpyşmalar meniň joşup, al-asmanda pel-pelläp ýören kalbymy hasam belent buýsanja atardy.
Şeýle täsirli duşuşyklar Lebap boýlarynda, näçe diýseň, köp boldy. Biz olary entekler ýatlap ýöreris. Munuň şeýle boljakdygyny Türkmenabat şäherinde täze açylan «Türkmeniň ak öýi» binasynda Medeniýet hepdeliginiň ýapylyşy dabarasyndaky joşgunly çykyşlar hem subut edýär. Biziň kalbymyzy ýene bir joşgunly waka gurşap aldy. Ýurdumyzda milli medeniýetimizi, mirasy öwrenişi, aýdym-saz, teatr, kino hem-de şekillendiriş sungatymyzy, telewideniýany, radiony we medeni aň-bilim edaralaryny ösdürmek, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, agzybir halkymyza medeni taýdan ýokary hilli we döwrebap hyzmat etmek, şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem--de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi mynasyp derejede geçirmek maksady bilen Gahryman Arkadagymyz Karara gol çekdi. Şol Karara laýyklykda 2022-nji ýylyň 22-27-nji iýuny aralygynda Medeniýet hepdeligini biziň welaýatymyzda geçirmek bellenildi.
Bu hoş habara biziň göwnümiz guş bolup uçdy. Biz bu ajaýyp hepdelige şu günlerden taýýarlyk görüp başlarys. Geliberiň, mähribanlar, biz siziň ýoluňyza göz dikip garaşarys.

Nartäç ÝUSUPDURDYÝEWA.
H. Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň aýdym-saz mugallymy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, Medeniýet hepdeligine gatnaşyjy.
SURATLARDA: Medeniýet hepdeliginden pursatlar.