Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy
08.07.2021
Meýdany ýaşyl hatarlar bilen bezeýän gowaçalar bu günki gün daýhan buýsanjyny artdyrýar. Her bir zähmet ussady şu günler ýetişdiren gowaçalarynyň berekede beslenmegi ugrunda aladalanýar. Ýolöten etrabynyň «Ýeňiş» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer kärendeçileri hem 1230 gektar ýerde gowaçanyň «Ýolöten-7» görnüşiniň idegini ýetirýärler. Hojalygyň Öwezgeldi Nurberdiýewiň ýolbaşçylyk edýän 11-nji toparynyň kärendeçileri galladyr pagtanyň bereketli hasylyny kemala getirip, ýylyň-ýylyna ýokary netije gazanyp öňdeligi bilen tapawutlanmagy başarýarlar. Toparyň kärendeçileri 61 gektar ýerde otag etmek, hatarara bejergi geçirmek, iýmitlendirmek, suw tutmak işlerini utgaşykly alyp barýarlar. Hojalykda her bir kärendeçi Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna zähmet sowgatly barmagy maksat edinýär.
Hojalykda oba hojalyk önümlerini bol öndürmegi başarýan ussat kärendeçiler sanardan köp. Şolaryň biri hem tejribeli kärendeçileriň hatarynda tanalýan Baýram Jumalyýewdir. Ol 1 gektar kärende ýerine eýegözin seredip, az ýerden bol hasyl almagy maksat edinýär. Ýerinde ekin dolanyşygy esasynda bugdaý, pagta, gant şugundyryny gezekleşdirip ekýär. Munuň özi topragyň gurplulygyny artdyrmakda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Üstümizdäki ýylda bolsa ekin ýerinde gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirmegiň aladasynda. Şu günler ol aýaly Aknabat gelneje bilen suw tutmak işlerini alyp barýar.
Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: gowaça ideg edilýän pursaty.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.