Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

06.07.2021

Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda oba hojalyk ulgamynda-da uly ösüşlere, belent sepgitlere ýetilýär. Zähmetsöýer daýhanlar özleri üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, bol hasyl almak maksady bilen yhlasly zähmet çekýärler. Daýhanlaryň şol yhlasly zähmeti ýylyň islendik wagtynda ter gök-bakja önümleri bilen ilaty üpjün edýär.
Tagtabazar etrabynyň Sandykgaçy geňeşliginiň Ýeňiş obasynyň ussat kärendeçileri hem keremli topraga yhlaslaryny gaýgyrman, miweli baglaryň dürli görnüşlerini ýetişdirýärler. Şeýle miweli baglary ýetişdirmekde iş tejribesi ýetik, halypa kärendeçileriň biri hem 70 ýaşa ser uran Hudaýberdi Akmämmedowdyr.
Hudaýberdi bagban 40 ýyla golaý bagbançylyk bilen meşgullanyp baý iş tejribe toplady. Ol 1992-nji ýylda 2 gektar ýeri kärendesine alyp, ýerine bag nahallaryny oturtdy. Ol iş tejribesi ýetik bagbanlar bilen maslahatlaşyp, bag nahallaryny oturdyp, olara eýeçilik gözi bilen seredip, gujur-gaýratyny, yhlasly zähmetini siňdirýär. Ýyllaryň geçmegi bilen ol baglar hasyla durup, olar ýylyň-ýylyna bol hasyl berýär. Bagban ýetişdiren baglaryna buýsanyp, has-da höwesli işleýär. “Bagban bagyndan belli” diýlişi ýaly, Hudaýberdi aganyň kärende ýerindäki baglaryna seredeniňde, topragyň hakyky eýesine gowşandygyna göz ýetirýärsiň. Ol birnäçe ýyllap çeken zähmetiniň bu günki gün hözirini görýär. Bagbançylyk tejribesinden ýüki ýetik Hudaýberdi aga ýetişdiren baglary bilen ogullarydyr gelinlerine görelde görkezýär. Bitginli alma agaçlary halypa bagbanyň ene topraga hysyrdyly zähmetini, mähirli söýgüsini siňdirendigine şaýatlyk edýär. Onuň maňlaý derini döküp ýetişdiren alma, erik, garaly, behi ýaly datly miweleri dowamly ýyllardan bäri toý saçagynyň bezegi bolup gelýär.
Gürrüňi edilýän bagban 2015-nji ýyldan bäri pensioner bolsa-da, bereketli toprakdan örküni üzmeýär. “Ata kesbi — ogla halal” diýlişi ýaly, onuň ogullary Akmuhammetdir Baýramgeldi hem bagbançylyk bilen meşgullanýarlar. Halypa bagban, daýhan birleşigi bilen gelni Gülnabadyň adyna şertnama baglaşyp, 2 gektar kärende ýer alyp, oňa dürli görnüşli alma nahallarynyň 312 düýbüni oturdyp, olara bejergi işlerini geçirdi.
— Agaç nahallarynyň aralygy 4 metr, hatararasy 6 metr bolmaly — diýip, Hudaýberdi aga bagban ogullarydyr gelinlerine öwredip, nesihat edip, olary zähmetde taplaýar.
Alma hasylyny zaýasyz ýygnap almakda ýygymçylaryň hem yhlasy gerek. Olardan Gülnabat Akmämmedowa, Jumagül Akmämmedowa, Jahan Saryjaýewa, Aýnäzik Annaýewa dagy arman-ýadaman alma ýygymyna özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Ýygnalýan alma hasylyny synlanyňda, agzybirlikli zähmetiň baýlygyň gözbaşydygyna göz ýetirýärsiň.

Akmaýa HOJANYÝAZOWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: halypa bagban Hudaýberdi Akmämmedow ogullary Akmuhammet we Baýramgeldi bilen özara pikir alyşýar.
Surata düşüren Çary AMANGELDIÝEW.