Wagyz-nesihat çäresi
06.07.2021
Golaýda Baýramaly etrabynyň Ýalkym, Merw geňeşliklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň etrap häkimliginiň orunbasarlarynyň, edara-kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň beýleki hereket edýän kanunlaryny giňişleýin düşündirmek boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede welaýat häkimliginiň umumy bölüminiň müdiri Baýmuhammet Berkeliýew, welaýat kazyýetiniň şikaýatlar we arzalar bölüminiň müdiri Jora Durdalyýew we beýlekiler çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda, ilki bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda halkymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşaýandygy barada buýsanç bilen belläp geçdiler. Şeýle-de, «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň beýleki hereket edýän kanunlaryny çärä gatnaşyjylara giňişleýin düşündirdiler.
Çäräniň dowamynda il-günümizi baky bagtyýarlyk zamanasyna ýetiren Arkadag Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler belentden ýaňlandy.
***
Şeýle wagyz-nesihat çäresi Türkmengala etrap häkimliginde we şu etrabyň Täze dünýä geňeşliginde, şeýle-de, Sakarçäge etrabynyň Garaýap, Hojadepe geňeşliklerinde hem geçirildi.
Aýparça AKYMOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: çäreden pursat.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.