Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Galla — 2021

02.07.2021

Welaýatymyzda galla möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Edermen gallaçylarymyzyň tutanýerli zähmetiniň netijesinde şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirýän etraplaryň sany has-da artýar.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda Garagum etrabynyň zähmetsöýer gallaçylary uly zähmet üstünliklerini gazandylar. Olar Watan harmanyna 20800 gektar meýdandan 43600 tonna guşgursak bugdaý dänesini tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryna hötde gelmegi başardylar. Garagum etrabynyň edermen gallaçylarynyň bu zähmet ýeňşine “Täze oba”, “Ak altyn”, “Garagum kanaly” daýhan birleşikleri, “Bereketli sahawat” daýhan hojalygy mynasyp goşant goşup, öňdäki hatarlarda barýarlar.
Meýdanda galla kän. Ýetişdirilen galla hasylynyň ýekeje dänesini-de yrýa etmän ýygnap almak işleri güýçli depginlerde dowam edýär. Döwlete galla tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetiren Garagum etrabynyň edermen gallaçylaryna «Harmanyňyza bereket!» diýesimiz gelýär.

Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.