Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

29.06.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda güneşli Diýarymyzda ähli ulgamlarda uly ösüşlere ýetilýär. Milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry bolan oba hojalyk pudagynda hem belent sepgitlere eýe bolunýar. Ýurdumyzda daýhanlara halal zähmet çekip, toprakdan bol hasyl almaga giň mümkinçilikler döredilýär. Olar özleri barada edilýän aladalardan ruhlanyp, bugdaýdyr pagta bilen bilelikde gök ekinleriň hem bereketli hasylyny ýetişdirmäge çalyşýarlar.
Wekilbazar etrabynyň G. Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçileri Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny zähmet üstünliklerine beslemek ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Gök ekerançy Maksat Kertikow hojalygyň tejribeli kärendeçileriniň biri. Ol 6 gektar ýerde ýeralmanyň, 2 gektar ýerde bolsa kelemiň bol hasylyny ýetişdirmek üçin gije diýmän, gündiz diýmän yhlasly zähmet çekýär. Ol bu ekinlerden göwün diýen netijäňi almak üçin ekişden öň nähili işleri geçirmelidigi, ekini näwagt ekmelidigi, haçan iýmitlendirip, haçan suwuny tutmalydygy dogrusynda ýeterlik tejribe toplan kärendeçi. Onuň şeýledigine boý alyp, gök öwsüp oturan ekinleri göreniňde hem göz ýetirýärsiň. Maksat aga alyp barýan işleri boýunça öz kärdeşlerine görelde bolýar.
Golaýda TAP-nyň etrap komitetiniň esasy hünärmeni Şatlyk Öwezow gök ekerançylar Şatlyk Meredow, Maksat Kertikow bilen ekin meýdanynda duşuşyp, ekin işleri barada gyzyklanyp, özara pikir alyşdylar. Ş. Öwezow tejribeli kärendeçilere ýadygärlik sowgatlary gowşurdy.

Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATLARDA: gök ekerançy Maksat Kertikow ekin meýdanynda.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.