Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Halkymyz toý tutdy arkadag bilen

29.06.2021

Gadymy Lebap topragynda uludan tutulan sungatyň toýy ýakymly pursatlara örän baý boldy. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan medeni çärelerdir dabaralaryň owazy alyslara ýaň saldy.
Geçen hepdäniň anna güni Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Lebap welaýatynyň taryhy ýerlerine, gadymy ýadygärliklerine syýahat etdiler. Ýurdumyzyň tanymal şahyrlarydyr döredijilik işgärleri Kerki etrabynyň Astanababa obasynyň çäginde ýerleşýän Astanababa binagärlik toplumyna hem-de Dänew etrabynyň Gabakly geňeşliginde ýerleşýän Daýahatyn kerwensaraýyna gezelenç edip, özlerinde galan täsirler barada bu ýerdäki taryhçylar bilen pikir alyşdylar. Taryhyň çuňluklaryna alyp giden bu syýahat oňa gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu gadymy topragyň taryhy-medeni ýadygärlikleri döredijilik işgärlerinde uly täsir galdyrdy.
26-njy iýunda Lebap welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlaryň gatnaşmagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly» atly brifing boldy.
Brifingde tejribeli döredijilik işgärleri çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen žurnalistikasynyň barha kämilleşýändigi, ýurdumyzda döredijilikli, joşgunly işlemek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi, halypa-şägirtlik ýolunyň dowam etdirilýändigi dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler hem-de şahyrlar joşgunly goşgulary okadylar. Şeýle hem olar Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň döredijilik bilen içgin gyzyklanýan, döredijilik dünýäsine ýaňy gadam basan talyplarynyň beren sowallaryna jogap berdiler.
Türkmenabat şäher medeniýet öýünde ýurdumyzyň kino ussatlary bilen guralan duşuşyk hem gyzykly boldy. Onda türkmen kino sungatynyň ösüşli ýollary, ýeten belent derejeleri barada täsirli gürrüň edildi, kino artistleri kino muşdaklaryny gyzyklandyrýan sowallara kanagatlanarly jogap berdiler.
Toý gününiň agşamky şatlygy Türkmenabat şäherindäki “Bitaraplyk” seýilgähindäki “Türkmeniň toý döwresi” meýdançasynda guralan Lebap we Mary welaýatlarynyň medeniýet, sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşyp gitdi. Bu ýerde parahatçylygyň, bagtyýarlygyň, beýik ösüşleriň waspy belentden ýaňlandy. Şol gün Türkmenabat şäher medeniýet öýünde milli tans, folklor we bagşyçylyk sungatynyň gadymy nusgalaryny dikeltmek we oba medeniýet öýleriniň işini kämilleşdirmek boýunça usuly maslahat geçirildi. Bagtyýarlyk döwrümizde milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda milli medeniýetimiz we sungatymyz dünýä derejesinde ösdürilýär. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň has-da joşgunly işlemegi, täzeden-täze kämil eserleri döretmegi üçin ähli mümkinçilikler bar. Şeýle mümkinçilikler bolsa ýaş zehinleriň ýüze çykmagyna uly ýardam berýär.
Usuly maslahatda çykyş edenler medeniýet ulgamynyň ýokary derejede ösdürilýändigi hakynda giňişleýin durup geçdiler. Halypalar bilen ýaş zehinleriň arasyndaky özara tejribe we pikir alyşmalar maslahatyň täsirini has-da artdyrdy.
Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet-sazly drama teatrynda “Saz rowaýaty” atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişine tomaşa etdiler. Bu sahna oýny hormatly Prezidentimiziň “Parahatçylyk sazy, dostluk-doganlyk sazy” atly ajaýyp eseriniň täsiri esasynda döräp, ol teatr muşdaklaryna türkmen saz sungatynyň gudratyny, güýjüni açyp görkezdi.
27-nji iýunda, ýagny, geçen hepdäniň ýekşenbe güni ir säher bilen Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň Türkmenabat şäheriniň “Ýedigen” seýilgähinde ýerleşýän ýadygärligine ter gül desselerini goýup, beýik söz ussadyna tagzym edip, belent sarpasyny hatyraladylar.
Lebap welaýatynyň merkezi şäherinde täze gurlan “Türkmeniň ak öýi” binasynda Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy boldy. Ilki bilen, bu ýerde, Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylaryň hormatly Prezidentimize Ýüzlenmesi kabul edildi.
Dabarada ýurdumyzyň bäş welaýatyndan belli medeniýet we sungat işgärleri baýramçylyk konserti bilen çykyş etdiler.
Sungat ussatlarynyň görkezen folklor çykyşlary, ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasyna girizilen meşhur «Küşdepdi» tansy milliligimize bolan buýsanjymyzy has-da belende göterdi.
Gadymy Amulda geçerilen Medeniýet hepdeliginiň dowamynda ýaýbaňlandyrylan dabaralardyr maslahatlar, duşuşyklar, gezelençler oňa gatnaşyjylarda ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Munuň üçin Medeniýet hepdeligine gatnaşan ildeşlerimiz medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdyp, ak arzuwlar etdiler.

Bahargül MEJIDOWA.
«Maru — şahu jahan» welaýat gazetiniň ýörite habarçysy, Medeniýet hepdeligine gatnaşyjy.
SURATLARDA: Medeniýet hepdeliginden pursatlar.
Suratlary düşüren Meretdurdy ROZYÝEW.