Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bellenilip geçildi
29.06.2021
Bilşimiz ýaly, toýlary-toýlara ulaşýan güneşli Diýarymyzda ýene bir şanly sene — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni şatlyk- -şowhuna beslenip bellenilip geçildi. Geçen ýekşenbede şu sene mynasybetli akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň Mary şäheriniň merkezindäki ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy.
Bu baýramçylyk dabarasyna syýasy partiýalaryň welaýat komitetleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Baýramçylyk mynasybetli akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine ter gül desseleri goýuldy. Munuň özi beýik nusgawy şahyrymyza goýulýan çäksiz sylag-sarpa bolup, oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Gül goýmak dabarasynda medeniýet we sungat ussatlarynyň şowhunly çykyşlary baýramçylyk çäresiniň şatlyk-şagalaňyny artdyrdy. Nusgawy şahyrymyň şygyrlaryna düzülen aýdymlaryň owazy belentden ýaňlandy. Ezber tansçylaryň ussatlyk bilen ýerine ýetiren tanslaram dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
B. MERGENOW.
SURATLARDA: gül goýmak dabarasyndan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.