Gyzykly tomus
25.06.2021
Golaýda welaýat baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim, terbiýe we mekdepden daşary edaralar bölüminiň meýilnamasy esasynda Mary şäherindäki 12-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Gülnar Annaýewanyň ýolbaşçylyk etmeginde “Tomus dynç alyş we sagaldyş möwsüminde çagalaryň kadaly iýmitlendirilmegi we keselleriň öňüni alyş, beden taplama, gyzyklanma çärelerini, gezelençleri dogry guramak — çaganyň ömrüni we saglygyny goramagyň esasydyr” ady bilen usuly-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahata welaýat baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim, terbiýe we mekdepden daşary edaralar bölüminiň başlygy Kümüş Hümmedowa, bölümiň hünärmeni Aýna Nurýagdyýewa, Mary şäher çagalar bakja-baglarynyň terbiýeçi-usulçylary, şeýle hem ýaş terbiýeçiler gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşanlar “Ogulabat eje — nusgalyk mekdebimiz” atly guralan el işleriniň sergisine syn etdiler. Täsirli geçirilen bu usuly-amaly maslahatda çykyş edenler çagalary kadaly iýmitlendirmek, keselleriň öňüni alyş çärelerini düzgüne laýyk guramak, gezelençleri dogry we talabalaýyk guramak barada giňişleýin gürrüň berdiler.
K. ANNAGELDIÝEW.
SURATDA: körpeleriň şatlygy — aladanyň netijesi.
Surata düşüren
Şamyrat AMADOW.