Il saglygy — ýurt baýlygy
25.06.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda saglygy goraýyş ulgamynda hem beýik sepgitlere ýetilýär. Ata Watanymyzda milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde halkyň, ilkinji nobatda, ýaş nesliň saglygyny goramakda bimöçber işler üstünlikli amala aşyrylýar. Ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan lukman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da saglyk ulgamynda alnyp barylýan işler oňyn netijesini berýär.
Welaýat köpugurly hassahanasynyň çaga hirurgiýasy bölüminiň müdiri Möjek Myradow hem çagalaryň saglyklary bilen yzygiderli aladalanyp, olaryň tiz wagtda dertlerinden gutulmaklaryny gazanýar.
Bölümde işine ussat şepagat uýalarynyň hem birnäçesi zähmet çekýär. Olardan Gülälek Amandurdyýewa, Ejegyz Daňatarowa we beýleki şepagat uýalary Möjek Myradowyň ýolbaşçylygynda çagalary barlagdan geçirip, olaryň wagtly-wagtynda sanjymlaryny berip, bejergiden soň sag-aman maşgalalaryna gowuşmagyny arzuwlaýarlar. Işbaşarjaň Möjek lukmanyň alýany diňe alkyş.
SURATDA: bölüm müdiri Möjek Myradow
iş wagtynda.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.