Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Gadymy lebapda goşa toý bu gün, sungatyň toýunda joşup dur göwün

25.06.2021

Parahatçylygyň, asudalygyň, bagtyýarlygyň, rowaçlygyň höküm sürýän mekany bolan ajaýyp ýurdumyzda toýlar goşa-goşadan gelýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda dabaraly bellenilýän toý-baýramlarymyzyň şowhuny al-asmana göterilýär, kalplara baky bagtyň owazy bolup dolýar. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen utgaşýan Medeniýet hepdeliginiň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda gadymy Lebap welaýatynda dabaralanmagy halkymyzda, şol sanda, medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerinde toý joşgunyny döretdi.
Hepdäniň sişenbe güni, ýagny, 22-nji iýunda ir säher bilen Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Ruhyýet köşgüniň öňündäki giň meýdançada Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Oňa Aşgabat şäherinden hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan medeniýet we sungat, döredijilik işgärleri gatnaşdy. Bu ýerde medeniýet ulgamynyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän sungat işgärleriniň döreden ajaýyp eserleriniň sergisi dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Goşa baýramçylyga bagyşlanan dabarada hormatly Prezidentimiziň medeniýet we sungat hem-de döredijilik işgärlerine iberen Gutlagy okaldy. Hormatly Prezidentimiziň göwün galkyndyryjy sözleri gyzgyn elçarpyşmalar we uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy. Soňra baýramçylyk dabarasynda welaýatlardan gelen sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly folklor çykyşlary oňa gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.
Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiziň maşgalada nesil terbiýesi baradaky parasatly jümlelerinden ugur alnyp, «Perzent çeşme bolsa, gözbaşy ata-enedir» atly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň maşgala mukaddesligi, nesil terbiýesi, ene-ata hormaty baradaky aladalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Çykyşlarda milli Liderimiziň ylham joşgunyndan dörän ajaýyp kitaplarynda giňişleýin beýan edilýän ene--atany ezizlemegiň, milli ýol--ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň mukaddesligi hakynda tolgundyryjy jümleler aýdyldy. Şeýle hem Arkadag Prezidentimiziň adyna çyn ýürekden çykýan alkyşly sözler dowamly ýaňlandy. Nesil terbiýesine bagyşlanan maslahat Medeniýet hepdeliginiň badalgasy boldy.
Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan baýramçylyk çykyşlary hemmelerde ýakymly täsir galdyrdy.
Şeýle-de, şol gün Medeniýet hepdeligine gelen myhmanlar Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde muzeý işgärleriniň «Mirasymyz — buýsanjymyz» atly döredijilik duşuşygyna hem-de oba we öý muzeýleriniň işini kämilleşdirmek boýunça usuly maslahata gatnaşdylar. Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Türkmenabat şäherindäki «Bitaraplyk» seýilgähindäki «Türkmeniň toý döwresi» meýdançasynda Aşgabat şäheriniň hem-de Ahal welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertine uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler.
Gadymy Amul topragynda dabarasy dag aşýan Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän medeni çäreler şatlyk-şowhun bilen dowam edýär.

Bahargül MEJIDOWA.
«Maru — şahu jahan»
welaýat gazetinň ýörite habarçysy, Medeniýet hepdeligine gatnaşyjy.
SURATDA: Medeniýet hepdeliginiň dabaralaryndan pursat.
Surata düşüren Meretdurdy ROZYÝEW.