Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

TAÝÝARLYK ÝAÝBAŇLANÝAR

13.01.2021

Mähriban Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kabul eden karary esasynda 2021-nji ýylyň 28-nji martynda boljak Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça Merkezi saýlaw toparynyň tassyklan meýilnamasy esasynda işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasatly başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesine degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň Saýlaw kodeksini» görkezmek bolar. Şuňa laýyklykda, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary diýen ýörite bölüm girizildi. Şol bölümde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary gizlin ses bermek arkaly, göni däl (gytaklaýyn) saýlaw hukugynyň esasynda welaýat halk maslahatlarynyň mejlislerinde geçirilýär. Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek hukugy welaýat, etrap, şäher, halk maslahatlaryna degişlidir. Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri syýasy partiýalar, raýatlar toparlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyndaky wekilleriniň üsti bilen hödürläp bilerler. Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary öz mejlislerinde hödürleýärler. Halk Maslahatynyň düzümi jemi 56 agzadan ybarat bolup, her welaýatdan we Aşgabat şäherinden sekiz agza saýlanylýar. Halk Maslahatynyň sekiz agzasy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär. Saýlawar gününe çenli otuz ýaşy dolan, ýokary bilimli, soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgär hödürlenip bilner. Şol bir adam bir wagtda Halk Maslahatynyň agzasy hem-de Mejlisiň deputaty bolup bilmez. Welaýatymyzda hem bu saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek we ony demokratik ýörelgeler esasynda geçirmek boýunça nobatdaky taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!