Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Sport syýasatynyň gadamlary

23.06.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň sport ulgamyny ösdürmekdäki alyp barýan işleri oňyn netijesini berýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sport desgalarynyň, mekdepleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi, şeýle hem olarda sportuň ähli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilikleriň döredilmegi muňa aýdyň mysal bolup durýar. Golaýda welaýatymyzdaky köpugurly sport toplumynda sportuň futbol görnüşi boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu ussatlyk sapagyny welaýat sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň sport bölüminiň başlygy Jumageldi Hudaýgulyýew, futbol federasiýasynyň welaýat bölüminiň başlygy Japar Orazmuhammedow, “Merw” sport klubunyň başlygy Gündogdy Myradow şeýle-de, Mary şäherindäki 5-nji sport mekdebiniň futbol boýunça baş tälimçisi Ýagmyr Baýramow bilelikde guradylar.
Ussatlyk sapagyna futbolda özüniň ussatlyklary bilen tanalýan tälimçiler — “Merw” komandasynyň ussat türgenleri Merdan Saparow, Rasim Greýhanow, Pirmyrat Gazakow we Mary şäherindäki 5-nji sport mekdebiniň ýaş türgenleri gatnaşdylar. Şeýle hem ussatlyk sapagyna halypa tälimçi Atabaý Saparow, halkara derejeli emin Ahmet Begnazarow, futbol ussatlary Rahman Baýlyýew, Muslim Agaýew, Magtymguly Begenjow, Mary şäherindäki 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi, “Gaýrat” medalynyň eýesi Döwletmyrat Baýramow hem gatnaşdy. Olar ussatlyk sapagyna gatnaşýanlara futbol oýnamagyň inçe ýollary hakynda, eminligiň ugurlary hem-de ýaryşlarda eminleriň berýän adalatly çözgütleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şonuň ýaly-da, tälimçileriň ýadawsyz aladasynyň, onuň talapkärliginiň türgeniň ussat bolup ýetişmeginde uly ähmiýetiniň bardygy barada hem durup geçdiler. Türgenleriň tälimçiniň öwredýän inçe tilsimlerini zerur pursatynda erjel ulanmagy başarmalydygy, elbetde, ýaş türgenleriň ýeňişli ýolunyň ussatlygynyň tälimçä baglydygy barada hem halypa tälimçiler nygtap geçdiler.
Sport ulgamyny dünýä derejesine ýetirmekdäki alyp barýan beýik işlerinde Gahryman Arkadagymyza rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

Şemşat SAÝLYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: ussatlyk sapagyndan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.