Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Il saglygy — ýurt baýlygy

23.06.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary bilen halkyň saglygyny goramakda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap hassahanalar, anyklaýyş merkezleri, saglyk öýleri, “Ene mähri” merkezleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Ilata edilýän lukmançylyk hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmakda bitirilýän işlerem guwandyrýar. Şeýle tagallalaryň hemmesi “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär.
Welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmanlarydyr şepagat uýalaram näsaglara ýokary hilli hyzmat edip, näsaglaryň dertlerinden saplanmagy ugrunda aladalanýarlar. Hassahananyň kardiologiýa bölümine halypa lukman Nazar Meredow ýolbaşçylyk edip, bu ýere gelýän näsaglary bejermekde bölümiň lukmanlarydyr şepagat uýalary il-günüň alkyşyna mynasyp bolýarlar. Alkyşyň lezzeti bolsa, her birimiz üçin uly bagtdyr. Bölümiň işiniň talabalaýyk guralmagynda onuň müdiri, halypa lukman N. Meredowyň ýadawsyz aladasyny ýatlamalydyrys. 1988-nji ýylda Aşgabat şäherindäki M. Garryýew adyndaky lukmançylyk uniwersitetini üstünlikli tamamlan N. Meredow Russiýanyň Nižniý Nowgorod şäherindäki hassahanada nazaryýetde alan bilimini iş ýüzünde kämilleşdirýär. 1990-njy ýylda welaýat köpugurly hassahananyň kardiologiýa bölüminde zähmet ýoluna başlan Nazar Meredow tejribeli lukman Aman Garýagdyýewden saýlap-seçen käriniň abyny-tabyny alýar. Ökdelerden öwrenen ýaş lukman näsaglary bejermegiň inçe syrlaryny ele alýar. Bu babatda oňa halypa lukmanlaryň biri Bahar Baýramowa- -da ýakyndan ýardam berýär.
— Islendik kärde bolşy ýaly, tejribe, işiňe ökdelik ýadawsyz aladaňa beslenen ýyllaryň dowamynda gelýär. Onsoňam, biljek, öwrenjek bolmaly. Meniň pikirimçe, lukmanyň näsaga bejergisi onuň hoşamaý sözlerinden başlanýar. Şu ýörelgäniň bölümimizde her bir lukmanyň, şepagat uýasynyň ýörelgesi bolmagyny gazanmaga çalyşýarys. Ýadamazlyk-ýaltanmazlygam hökmany şertleriň biri. Onsoňam, näsagyň ýürek we gan damar ulgamyny bejermek örän çylşyrymly wezipe. Şeýle-de bolsa, biz bu ýere gelýän näsaglaryň tiz sagalyp, maşgalalaryna dolanmaklary üçin ähli tagallalary edýäris — diýip, bölümiň müdiri Nazar Meredow gürrüň berýär.
Soňra ol näsaglara edilýän bejergi işleri barada söhbet açyp, golaýda saglygyny bejerdip maşgalasyna dolanan bir näsagy ýatlady. Tagtabazar etrabynyň Sandykgaçy geňeşliginiň Ýeňiş obasynyň ýaşaýjysy Maksat Amanýazow ýürek demgysmasy sebäpli bölüme gelende ýagdaýy ýeňil däldi. Ýöne bölümiň lukmanlarydyr şepagat uýalarynyň tagallalary bilen bu näsag sanlyja günlerde saglygyny dikeldip öýüne dolandy. Şeýle il-gün bähbitli aladalar bölümde hemişe ýerine düşýär. Bu ýerde müdiriň berk talaby netijesinde bejergi alýan her bir näsag uly alada bilen gurşalyp alynýar. Edilmeli bejergi çäreleriniň öz wagtynda we gowy hilli ýola goýulmagy näsaglaryň dertlerinden tiz saplanmaklaryna ýardam edýär.
Indi on ýyl bäri hassahananyň kardiologiýa bölümine ýolbaşçylyk edip gelýän tejribeli lukman Nazar Meredowyň özi halypalyga ýetişdi. Bu ýerde bejergi işleriniň näsaglaryň häsiýetine görä alnyp barylýan maslahat beriş-bejeriş häsiýetli gürrüňdeşliklerem edilýän sanjymlardyr berilýän dermanlaryň oňyn täsiriniň ýokarlanmagyna itergi berýär. Bölümiň lukmanlary — halypa lukman N. Meredowyň şägirtleri Kakabaý Atadurdyýewiň, Hojamyrat Nurgeldiýewiň, Zylyha Akmämmedowanyň, Kerim Orazowyň birleşen tagallalary bilen bölümde näsaglar hakyndaky aladanyň netijesinde il-günüň alkyşly sözleri ýaňlanýar. Şeýle hem bölümde näsaglara bejergi etmekde sanjym otagynyň şepagat uýasy Eneş Agaorazowanyň, şepagat uýalary Altyn Çaryýewanyň, Tylla Garaýewanyň hyzmatlarynam ýatlamalydyrys.
Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny il-güne şypaly hyzmat edip, gowy netijeler bilen dabaralandyrýan kardiologiýa bölüminiň zähmetsöýer adamlarynyň yhlas-tagallalary ýerine düşýär. Alkyşly sözlerden ruhlanýan lukmanlardyr şepagat uýalary şanly ýylymyzyň taryhy wakasyna — Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna zähmet sowgatly barýarlar.

Çary AMANGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: halypa lukman Nazar Meredow iş wagtynda.
Surata düşüren awtor.