Galla — 2021
23.06.2021
Durmuş gözelleşip, ýaşaýyş gülleýär Toprak sahawatlanyp bol hasyl eçilýär. Tutuş dünýä ýüzünde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň, dost-doganlygyň ýurdy hökmünde tanalýar. Ýurdumyzda bolup geçýän buýsançly pursatlar, taryhy wakalar, oňyn ösüş- -özgerişler azat, erkin zähmet çekýän raýatlarymyzyň eziz Watanymyza bolan mähir söýgüsini artdyryp, täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň beýleki pudaklary bilen bir hatarda oba hojalyk pudagynda hem düýpli özgertmeler giň gerim alýar. Hormatly Prezidentimiziň oba zähmetkeşlerine ýakyndan ýardam bermegi, daýhanlary tohum, dökün suw bilen üpjün etmegi, kuwwatly daşary ýurt tehnikalaryny alyp bermegi, netijesinde etrabymyzda bol galla hasyly ýetişdirildi.
Şu günler galla oragynyň gyzgalaňly pursatynda etrap häkimliginiň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap medeniýet bölüminiň bilelikdäki tagallalary netijesinde kärendeçileriň, kombaýnçylaryň, mehanizatorlaryň armasyny ýetirmek maksady bilen ekin meýdanlarynda aýdym-sazly dynç alyş çäreleriniň yzygiderli geçirilip durmagy olaryň zähmet üstünligine bolan ruhuny has hem galkyndyrýar. Şeýle çäreleriň biri «Zähmet joşýar pellerde» ady bilen ýakynda etrapdaky ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň ekin meýdanlarynda geçirildi.
Uzukjemal BAÝSÄHEDOWA.
TMÝG-niň Ýolöten etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.