Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Il saglygy — ýurt baýlygy

18.06.2021

“Çaga — eziz, edebi ondan hem eziz” diýleni. Munuň şeýledigine Serhetabat etrabynyň Galaýmor geňeşliginde ýerleşýän 8-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçileri oňat düşünip, geljegimiz bolan körpejelere yhlasly zähmetlerini siňdirýärler. Bakja-baga tejribeli bilim işgäri Ogulsenem Muhammedowa ýolbaşçylyk edýär. Çagalar bakja-bagynda körpejeleriň 94-si terbiýelenilýär. Bagda dört topar bolup, Aýgül Artykowa, Gurbanjemal Akmyradowa, Akgül Amangeldiýewa, Laçyn Öwezowa, Aýsoltan Işangulyýewa, Aýgül Berdiýewa we beýlekiler yhlasly işleýärler. Olaryň işinden çagalar şat, eneler hoşal bolýarlar.
Çagalar bakja-bagynda dünýä howp salýan ýiti respirator keseline garşy degerli işler durmuşa geçirilýär. Bagyň şepagat uýasy Aýna Artykowa baga gelýän körpejeleriň saglygyny her gün barlap durýar, şeýle hem bagyň işgärlerine agyz-burun örtügini dakynmak, 2 metr aralygy saklamak, arassaçylyk barada degerli maslahatlary berip durýar.

SURATDA: çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy Aýna Artykowanyň, terbiýeçi Akgül Amangeldiýewanyň ýolbaşçylyk edýän orta topar körpejeleriniň saglygyny barlap duran pursaty.
Surata düşüren Çary AMANGELDIÝEW.