Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Sport. Sport. Sport.

16.06.2021

Tagtabazar etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň sport mekdebinde sportuň 7 görnüşi boýunça tälim berilýär. Sport mekdebinde ussat tälimçi Agzamguly Gurbangeldiýew ýaş woleýbolçy türgenleriň 30-a golaýyna tälim berýär. Mekdebiň ýaş woleýbolçy türgenleri etrap, welaýat boýunça guralýan ýaryşlarda baýrakly orunlary eýeläp gelýärler.
Erjellik bilen türgenleşik geçýän 1-nji, 2-nji saýlama toparlaryň woleýbolçy türgenleri 2006 — 2007-nji ýyllarda doglan ýetginjeklerdir. Şu günler woleýbolçy toparyň türgenleri tejribeli tälimçi Agzamguly Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygynda sportuň woleýbol görnüşiniň syrly ýollaryny öwrenýärler. Çeýelik, çalasynlyk, hüşgärlik bilen garşydaş topardan özüňe batly gelýän topy ýuwaşlyk bilen saklap, ýoldaşyň hereketine görä topy ugrukdyrmak ýaly usullary ele alýarlar. Toparda Agakerwen Aýtmyradow, Kemal Rozyýew, Alyşir Merdanow, Adylbeg Meredow, Agaserdar Ýagşymyradow, Pälwan Ýazmyradow we beýlekiler her bir ýaryşda ussatlyklaryny görkezýärler.

Çary AMANGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: Agzamguly Gurbangeldiýew ýaş woleýbolçylar bilen türgenleşýän pursaty.
Surata düşüren awtor.