Ylymlar güni dabaraly bellenildi
16.06.2021
Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär.
Golaýda welaýat kitaphanasynyň öňünde baýramçylyk röwüşde bezelen meýdançada aýdym-sazly bellenilip geçilen dabara hem ýokarda bellänlerimize şaýatlyk edýär. Şatlyk-şowhuna beslenen bu dabarany welaýat häkimligi hem-de ýokary we orta okuw mekdepleri guradylar. Ylymlar güni mynasybetli geçirilen bu dabarada medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetiren joşgunly aýdym-sazlarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň waspy belentden ýaňlandy. Şeýle hem Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň işgäri Batyr Gammarowyň ýolbaşçylyk edýän “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň talyp ýaşlaryndan düzülen zehinli aýdymçylarynyň ýerine ýetiren şirin aýdymlary Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen amala aşyrylýan beýik işleriň, bedew batly gülläp ösýän Watanymyzyň waspyny ýetirdi. Institutyň “Kuwwat” tans toparynyň ýerine ýetiren joşgunly tanslary hem-de milli lybasdaky ýaşlaryň ýerine ýetiren «Küştdepdi» tansy dabara gatnaşanlaryň kalplaryny joşduryp köňül guşlaryny ganatlandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan gyzyldan gymmatly kitaplarynyň, aýratynam 12 jiltden ybarat bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ajaýyp kitabynyň sahnada ýerleşdirilmegi, sahna özboluşly öwüşgin çaýmak bilen, ýurdumyzda ynsan saglygy barada edilýän aladalaryň bimöçberdiginden habar berýär.
Bu dabaranyň dowamynda gatnaşyjylar ýokary hem-de ýörite orta okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň, mekdep okuwçylarynyň taýýarlan taslamalarynyň sergisine syn etdiler. Olar geljekde Watanymyzy gülletjek ýaşlaryň taýýarlan taslama sergisine ýokary baha berdiler. Taslama sergisini synlanlar sergiden belli bolşy ýaly, ýaşlaryň geljekde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has belende galdyryp biljekdiklerini ynamly bellediler. Dabara meýdançasynyň iki gapdalynda parlap duran ýaşyl Tugumyzyň öňünde guralan sergini göreniňde Arkadagly Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleri bilen deň gadam urýandygyna göz ýetirýärsiň.
Ylymlar güni mynasybetli geçirilen bu dabarada institutyň 2-nji ýyl talyplary Ýunus Gammarowyň, Erkin Tuwakmämmedowyň, Arzygül Tuwakmämmedowanyň, şeýle hem institutyň 3-nji ýyl talyby Aýna Annageldiýewanyň bilelikde ýerine ýetiren “Biz — Watanyň bagtly talyp ýaşlary” diýen ajaýyp estrada aýdymy çärä gatnaşanlaryň kalplaryna ruhy joşgun çaýdy.
Kalplara ýakymly duýgulary çaýan şatlyk-şowhunly dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bagtyýarlygyň hözirini görüp ýaşamaga, okamaga, döretmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Annageldi KÄLLIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATLARDA: dabaradan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.