Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Galla — 2021

16.06.2021

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda edermen gallaçylaryň yhlasly zähmeti netijesinde bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Kärendeçilere ýerden bol hasyl öndürmek, döredijilikli zähmet çekmek üçin döwlet tarapyndan gerek bolan ähli zerur kömek-goldawlar berilýär.
Bugdaý — bagt, ýaşaýyş. Galla — Watanyň genji-hazynasy. Türkmen sährasynyň ýaraşygy ak bugdaý halkyň baş baýlygy. Galla daýhanyň irginsiz, tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilýär. Adamzadyň ekleýjisi bolan ene toprak daýhanyň alyn derine eýlenip, oňa eden yhlasyna görä bereketini eçilýär.
Biziň döredijilik toparymyz Mary etrabynyň Mykgy Lorsy adyndaky daýhan birleşiginiň bugdaýly ekinzarlygynda. Giň, giden bugdaýly meýdan umman deýin tolkun atyp, altyn öwüsýär. “Miweli bagyň başy aşak” diýlişi ýaly, bugdaýly başlar, doly, dykyz dänelerini güjeňläp, bişip ýetişendiginden habar berýär. Bugdaýly meýdanyň daş-töweregi awtoulaglar, oraga gatnaşmaly oba hojalyk tehnikalary bilen gurşalan. Işleriň utgaşykly guralmagynyň özüniň netijesini berjekdigine ynanýarsyň.
— Biziň daýhan birleşigimiz etrapda iri hojalyklaryň biri bolup, üstümizdäki ýylda 1290 gektar meýdanda gallanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdik. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna mynasyp sowgatly barmagy maksat edinýän daýhan birleşigimiziň kärendeçileri Watan harmanyna meýilnama boýunça 2450 tonna galla tabşyrmagy öz öňlerinde wezipe edip goýdular. Siziň bu görýän bugdaýly meýdanyňyz bolsa, ussat kärendeçi Myrat Eminowyň kärende ýeri — diýip, daýhan birleşiginiň başlygy Gulmyrat Orazmyradow biz bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Gysgaça tanyşlykdan soň, biz kärendeçi ýigit Myrat bilen söhbedimizi dowam edip, onuň işleri bilen tanyşdyk, armasyny ýetirdik.
— Hormatly Prezidentimiziň satyn alyp beren, iň kämil däne orujy kombaýnlarynyň häzirki ýygyp ýören bugdaýly meýdany meniň kärende ýerim. Men 2016-njy ýyldan bäri 30 gektar meýdanda kärende usulynda dürli ekinleri ekip hasyl alýaryn. Gowaça, bugdaý ekinlerini gezekleşdirip ekýärin, aralyk ekin bolan gant şugundyryny we ýeralma ekip, goşmaça girdeji alýaryn. Biziň ýurdumyzda işläniň gadyry bilinýär. Ýadaman, ýaltanman işleseň halal baýamaga ähli mümkinçilikler bar — diýip, Myrat Eminow sözüni jemleýär.
Däne orujy kombaýnlaryň ýygan gallasyny awtoulaglaryň nowalaryna yzly-yzyna boşadyp, ýygymy dowam etdirmegi hasylyň boldumlylygyndan habar berýär. Myrat Eminowyň 30 gektar kärende ýerinden 105 tonna guşgursak bugdaý dänesini Watan harmanyna goşant edendigini eşidenimizden soň biz onuň el telefonuna jaň edip gutladyk we işinde üstünlikleri arzuw etdik.
— Tomus pasly — galla oragynyň gyzgalaňly döwri. Galla oragyny guramaçylykly geçirip, bugdaýyň ýekeje dänesini-de yrýa etmän ýygnamak işleri dowam edýär. Etrap häkimliginiň ýolbaşçylygynda etrabyň jemgyýetçilik guramalary, etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde meýdan düşelgelerinde kärendeçiler, kombaýnçylar, awtoulag sürüjiler üçin medeni hyzmatlary guraýarlar. Aýdym-sazly çäreleri geçirýärler. Etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalary gallaçy kärendeçileriň, kombaýnçylaryň, awtoulag sürüjileriniň arasynda özara zähmet bäsleşiklerini yglan edip, ýeňijilere Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşurylýar — diýip, gallaçy kärendeçileriň armasyny ýetirmäge gelen, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Täzegül Pirsýanowa biz bilen gürrüňdeş bolanda aýtdy.
Aýdym-sazyň ýakymly sesi, çaý başynyň mesawy gürrüňi, öňdebaryjylaryň dabaraly ýagdaýda sylaglanylmagy adamlaryň göwünlerini galkyndyryp, ruhlaryny göterdi. Bu geçirilen medeni-köpçülik çäresi gallaçy babadaýhanlaryň çekýän päk zähmetiniň armaçysy bolup nobatdaky zähmet gününe baýramçylyk toý röwüşini çaýdy. Ýetişdirilen galla hasylyny öz wagtynda we ýitgisiz ýygnamagy, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamagy maksat edinýän gallaçylara işlerinde üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris. Gaýrat saňa, halal türkmen daýhany! Harmanyňyza bereket, hormatly gallaçylar!

Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATLARDA: galla meýdanyndan iş pursatlary.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.